Bütin dünýäde medeni ösüşi, ylmy hyzmatdaşlygy hem-de bilim ulgamynyň ösmegini goldamak maksady bilen döredilen ÝUNESKO häzirki wagtda iň iri halkara guramalaryň biri hökmünde tanalýar. Onuň esasy wezipesi halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmak, medeni aragatnaşygy giňeltmek, mirasy gorap saklamak we bilimiň elýeterliligini artdyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin hem ÝUNESKO — halklary bir ýere jemleýän, medeni gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklaýan, ylym-bilim boýunça täze başlangyçlary durmuşa geçirýän halkara gurama hökmünde giňden tanalýar.
Medeni mirasy goramak ugrunda hem gurama dünýäniň ähli künjeklerinde möhüm işleri ýerine ýetirýär. Dünýäniň gözel ýerleri, gadymy binagärlik ýadygärlikleri we adamzadyň ruhy mirasy hökmünde kabul edilen sungat görnüşleri ýörite sanawlara girizilip, olaryň gorag astynda saklanmagyny üpjün edýär. ÝUNESKO dünýä döwletleri bilen bu ugurda hyzmatdaşlykda medeni mirasy öwrenmek, wagyz etmek we geljek nesiller üçin saklamak boýunça täze taslamalary durmuşa geçirýär. Bu taslamalaryň maksady diňe bir mirasy goramak däl, eýsem halklaryň özara hormat-sarpasynyň, düşünişmeginiň we medeni gatnaşyklarynyň berkemegine şert döretmekdir. Soňky ýyllarda gurama sanlylaşdyrma ulgamyna hem aýratyn üns berýär. Taryhy çeşmeleri, ýazuw ýadygärliklerini we halk döredijiligine degişli maglumatlary sanly ulgama geçirmek boýunça taslamalar onlarça ýurtda amala aşyrylýar.
Türkmenistan hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň sanly görnüşde täzeden işlenip taýýarlanylmagy, atçylyk sungatynyň hem-de dutar çalmak medeniýetiniň ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizilmegi ýaly işler halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Bu hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligindäki abraýyny has-da атtdyrýar.
ÝUNESKO — halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýan, medeni we ruhy gymmatlyklary gorap saklaýan, bilim hem-de ylmy ösüş üçin giň mümkinçilikleri döredýän halkara gurama hökmünde adamzadyň ösüşine möhüm goşant goşýar. Onuň taslamalary dünýäde parahatçylygyň, özara hormatyň we ösüşiň möhüm binýadyna öwrülýär.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň
sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.












