Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň zehinli çagalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan agzalan baýraga bu gezek welaýatymyzdan ruhubelent çagalaryň onusy mynasyp boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galyberse-de beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak däbe öwrüldi.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şu taryhy günlerinde geçirilen dabarada baýraga mynasyp bolan ýaş zehinleriň şatlygyny duýmak has-da buýsançly boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bagtyýar çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň degişli şahadatnamasy hem-de gymmat bahaly sowgatlar uly ruhubelentlikde gowşuryldy. Bu pursat ýaş zehinleriň durmuşynda aýratyn tolgundyryjy pursada öwrüldi.
Baýraga mynasyp bolan çagalar okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmäge giň ýol açandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.
«Ahal durmuşy» gazeti,
08.01.2021ý.