Adamyň ruhy ahwaly bilen ýürek tarynyň tirpildisi mylaýym sazy emele getirýär. Şol mylaýym sazy kalby bilen duýup, ýaşap bilýän ynsana — bagtly ynsan diýilýär. Şol bagtly ynsan biziň ýurdumyzda ýaşaýan adamlar diýsegem, ýalňyşmarys. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan özgerişleriň keşbi, türkmen ykbalynyň belentliklere göterilmegi baradaky ajaýyp aýdym bolup kalplara dolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýilýän döwri, megerem, şu biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüdir. Çünki halkyň arzuwlarynyň wysaly şu bagtyýar zamanada jemlenendir.
Biz muny türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri, döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň ýörelgelerinde aýdyň duýýarys.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň adamzadyň abadançylygynyň hatyrasyna durmuşa geçirýän tagallalary Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi nazarlaýan umumadamzat maksatlary bilen utgaşýar. Bu bolsa häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň çuňňur we toplumlaýyn esasda seljerilmegine, Garaşsyz Watanymyzyň eýeleýän ähmiýetli ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär.
«Gallup» halkara barlaglar merkeziniň kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etmegem bu ugurda kesgitlenen çözgüdiň anyk beýanyna öwrüldi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiziň abraýyny has-da belende galdyrdy.
Ýeri gelende geçen ýyl ýurdumyzyň dünýäniň iň howpsuz döwletleriniň hataryna girendigini nygtamalydyrys. Bu baradaky maglumatlar «Terrorçylygyň global indeksi – 2019-da» çap edildi. Türkmenistan şeýle orny soňky birnäçe ýylyň dowamynda eýeläp gelýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny bellän ýylynda bu wakanyň bolup geçmegi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Ýakynda BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Munuň özi halkara parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ornuny has-da pugtalandyrdy.
Heňňam hakydalarynda ebedi orun tutan işler geljek nesilleriň dowamy bilen aýrylmaz baglydyr. Biz bu hakykata Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz Aşgabady ajaýyp şähere – täze eýýamyň nyşanyna öwrüp, ony agtyklarymyza we çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys» diýip, nygtap geçýän ajaýyp sözlerinde hem aýdyň duýýarys. Paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyryň çäklerinde açylyp, ulanylmaga berlen her biri asman bilen bäsleşýän, aýratyn milli öwüşginli sungat eserini janlandyrýan ak mermere beslenen binalary nesip eden watandaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem muňa ýene bir ýola göz ýetirdik.
Munuň özi milli Liderimiziň paýtagtymyzy binagärligiň we şähergurluşygyň mekanyna öwürmek baradaky dünýä jemgyýetçiliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň uly seslenme tapýandygy bilen aýrylmaz baglanyşykly diýsegem ýalňyşmarys.
Has dogrusy, milli Liderimiziň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda öňe süren teklibi boýunça 2021-nji ýyl Arkalaşykda «Binagärligiň we şähergurluşygynyň ýyly» hökmünde geçmek boýunça kabul eden çözgüdem bu işleriň özenini düzdi.
Mälim bolşy ýaly, tamamlanan 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 25 ýyl doldy.
Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň bellenen günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde bolsa «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýäniň syýasy giňişligindäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrdy.
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat ýok bolsa gerek. Ýagşy sözler, süýji jümleler, pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini giňeldýär, haýyrly işlere höwes döredýär, durmuş meselelerine aýdyň çözgüt we çykalga tapyp berýär. Çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler ynsan üçin uly sowgatdyr. Merdana ata-babalarymyz çuňňur mazmunly eserleri ykbalyň eçilýän sowgady hökmünde görüpdirler. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk baýramymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna sowgat eden «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby hem ähmiýeti boýunça ajaýyp eser bolmak bilen, ykbalyň eçilen sowgatlarynyň biridir.
Baky Bitaraplygymyzyň şöhratly senesine bagyşlanan ajaýyp kitapda döwletimiziň bu halkara hukuk ýagdaýynyň milli kökleri taryhy ähmiýeti häzirkizaman derwaýys meseleleriň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär. Eserde resmi taryhy maglumatlar, çuňňur filosofik garaýyşlar, baý syýasy düşünjeler, daşary syýasat ugry bilen bagly taryhy pursatlardan fotosuratlar mynasyp beýanyny tapýar. Bu kitap her bir okyjyda mertebeli türkmeniň parahatsöýüjiligine, ysnyşykly hyzmatdaşlyk, ylalaşmak we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyna, syýasy babatda kämil ýörelgäni saýlap alandygyna bolan garaýyşlary has-da çuňlaşdyrýar.
Ýurdumyzyň nurana geljeginiň keşbini özünde jemleýän we halkymyzyň beýik işleriniň ösüşe bolan gyzyklanmalarynyň beýanyna öwrülen hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyçlary biziň durmuşymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Meşhur «Görogly» şadessanynda Jygalybeg agzybirlik we watansöýüjilik barada aýtmak bilen, agtygy Göroglyny gahrymançylyga ruhlandyryp, oňa:
– Il-halkyň bir iş tutsa,
Sen ondan galyjy bolma –
diýip nygtaýar. Hut şu setirlerden çen tutup, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine doly düşünip, her kim, her birimiz öz ornumyzda jogapkärli, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, yhlasly, döredijilikli, tutanýerli zähmet çeksek, bitirilmejek iş, ýetilmejek sepgit ýokdur. Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidini hemme zatdan ýokary goýup, öz borjumyza düşünip, yhlas bilen işlemek, halal zähmet çekmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ähli watandaşlarymyzyň, esasan-da, zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaş nesilleriň mukaddes borjudyr.
Adam hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjilikli umumadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri, tutumly maksatlary uly üstünliklere beslensin.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
«Adalat» gazeti,
08.01.2021ý.