BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan “Altyn ýyldyz” medeni dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlaryň, urşuň yzynda galyp, tylda Watan üçin gahrymanlarça zähmetini gaýgyrmadyk eneleriň sarpasyna tutulan bu aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, bagtyýar talyplar, professor mugallymlar gatnaşdylar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagşy-sazandalarynyň joşgunly aýdym-sazlary, “Miras” folklor tans toparynyň ajaýyp çykyşlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada oňa gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary beýan edilip, olaryň her birinde bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezip, mertlerçe wepat bolan, şeýle hem häzirki wagtda aramyzda ýaşap, ýaş nesle görüm-görelde, wagyz-ündew edip ýören gahrymanlara aýratyn sarpa goýulýar we döwlet derejesinde anyk işler alnyp barylýar. Şeýle-de çykyşlarda bularyň ählisiniň sakasynda duran, ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň parahatlygy ugrunda irginsiz alada edýän döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.