ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda ýylyň-ýylyna ýaz aýlary ýüpek gurçuklary idedilip, ondan ýüzlerçe kilogram ýüpek pilesi alynýar. Bu halal kesbiň barha kämilleşip, oba ýaşlarynyň ýüpek gurçugyny idetmek bilen köpçülikleýin meşgul bolmagy has-da guwandyryjydyr. Biz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň ýaş ýüpekçileriniň işi bilen gyzyklanyp, degişli hünärmene ýüz tutanymyzda, ol halypa ýüpekçiler bilen ýaryşyp işleýän ýaş ýüpekçi Goçmyrat Ataýewiň adyny buýsanç bilen getirdi.

Irginsiz zähmeti talap edýän ýüpekçilik halkymyzyň kesp-kärine öwrüldi. Milli Liderimiz ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut agaçlaryny ekerançylyk meýdanlarynyň gyralaryna we Garagum derýasynyň iki kenaryna ekmegi tabşyrmagy ýurdumyzda ýüpekçiligiň ösdürilmegine gönükdirilen işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygynyň beýany boldy. Gadymy ýüpekçiligi kämilleşdirmekde alyp barýan beýik işleri üçin ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri çäksizdir.

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrýar. Ýaşlaryň berk bedenli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen paýtagtymyzyň «Bagtyýarlyk» sport toplumynda «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi, Arkadagyň göreldesi» ady bilen sportuň futbol, şaşka, küşt görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Arzygül DURDYMYRADOWA,

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň işgäri.

Pederlerimizden galan milli mirasymyzyň ýaşlaryň kämil bilmeklerini gazanmak, däp-dessurlarymyza bolan garaýyşlaryny güýçlendirmek maksady bilen «Milli mirasym — ruhy baýlygym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wekilbazar etrabyndaky 16-njy orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda geçirilen duşuşyk täsirliligi bilen tapawutlandy. Onda çykyş edenler milli mirasymyzy aýawly saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Hajar GARRYÝEWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Saýat etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda «Ynha meniň kitabym» ady bilen, bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasy esasynda okuwçylaryň mekdepde özlerini alyp baryşlaryna, ders kitaplaryny arassa saklaýyşlaryna aýratyn seredildi. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, bäsleşigiň baş baýragyna Kerim Döwranow, I orna Leýli Permanowa, II orna Ogulgerek Jumamyradowa, III orna bolsa Umytjan Begenjow dagy mynasyp görüldi. Olar Saýat etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlaryna hem-de ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

Nursoltan MAKSUDOWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler halkyň hakydasynda, kalbynda, ýürek töründe hemişelik ýaşaýar. Ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde belent nusga görkezen gerçeklere, wepadarlygyň ajaýyp göreldesini görkezen mährem enelerimize döwletimiz tarapyndan belent sarpa goýulýar.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli Serdar şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uruş weteranlary Orazguly Muhammedow bilen Hudaýguly Nuryýewiň öýünde myhmançylykda bolup, baýramçylyk bilen gutladylar we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Weteranlar uruş döwrüniň kynçylyklary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretleri barada uly tolgunma bilen gürrüň berdiler. Batyrlygyň, edermenligiň nusgasyny görkezen gahrymanlar hiç wagt unudylmaz.

Oguljahan WELIÝEWA,

TMÝG-niň Serdar şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Daşoguz şäheriniň Ýaşlar merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Atda wepada bar, sapa-da» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Daşoguz Serhet birikmesiniň çagyryş boýunça harby gullukçylary, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň uludygy barada täsirli gürrüň etdiler. Baý many-mazmuna eýlenen täze kitabyň türkmen halkyna gymmatly sowgat bolandygyny buýsanç bilen bellediler.

Orazgeldi HEMRAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

09.05.2019ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.