ZEHINLILER BÄSLEŞDILER

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurduna, ýaşlaryň ähli arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa, bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy durmuşynyň günsaýyn gülläp ösmegine, olaryň perzentlik yhlasynyň, ata Watana bolan çuňňur söýgüsiniň ýaş ýüreklerinde hemişe joşup, zehinleriniň kämilleşip, şirin dilleriniň bilbil ýaly saýrap durmagyna oňyn täsir edýär.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy ýaşlarynyň arasynda “El hünäri – il gezer” ady bilen döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzda ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, sünnälän we sungat derejesine ýetiren halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmakdan hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden, mekdep okuwçylarynyň döredijilige we sungata bolan höweslerini has-da artdyrmakdan ybarat boldy. Bu döredijilik bäsleşiginde türkmen halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän amaly-haşam döredijilik işleri, ýagny, zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşçylyk hem-de surat çekmek boýunça etrap, şäher, welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda üstünlik gazanan okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşdylar we netijede olaryň ählisi ýeňijilige mynasyp görüldi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýaşlara şeýle bagtyýar durmuşy bagyş eden, iň arzyly islegleri hasyl eden, kalplarda orun tutan arzuwlara myrat bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri uly rowaçlyklara beslensin!

Merjen GURBANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.