Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Atda wepa-da bar, sapada» atly täze kitaby biz — ýaşlar üçin gymmatly sowgat boldy. Türkmeniň ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmakda, ony dünýä ýüzüne ýaýmakda milli Liderimiziň bu kitabynyň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek babatda bitirilýän sazlaşykly işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlygynyň ganaty hasaplanýan bedew atlarymyzyň ykbalyna nur çaýýar.
Ýurdumyzda behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny, onuň şan-şöhratyny dünýä äşgär edýän hem-de halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy ýaşlarynyň arasynda «El hünäri — il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döredijilik bäsleşiginiň etrap, şäher, welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda üstünlik gazanan okuwçy ýaşlaryň arasyndan mynasyplar saýlanyldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Merjen GURBANOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Sagdyn durmuş ýörelgesi — üstünligiň açary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Babadaýhansuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda boldy. Turuwbaşdan täsirli çykyşlara beslenen wagyz-nesihat duşuşygynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeler, asyra barabar uly işler, ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy. Ýaşlaryň Watanymyzyň ösüşlerine bolan buýsanç duýgularyny göterdi. Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat duşuşygy Babadaýhan etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda hem geçirildi.
Baýramdurdy AMANMYRADOW,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Murgap etrabyndaky 11-nji we 13-nji orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Terbiýeli ýaşlar — Watan buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-günümize, Watanymyza wepaly, edep-terbiýeli we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döredýän uly mümkinçilikleri dogrusynda söz açyp, täsirli gürrüňler berdiler. Köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň kadalary barada öwüt-ündew etdiler. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Ogulbibi SUWHANNAZAROWA,
TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň işgäri.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlary sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemelidiris» diýen sargytlaryndan ugur alyp, ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Köýtendag etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik Köýtendag etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçy oglanlarynyň arasynda boldy. «Türkmenistan» we «Rowaçlyk» atly iki topara bölünip bäsleşen oglanlar sporta bolan höwesiniň barha artýandygyny aýan etdiler. Ýeňiji bolan topara Köýtendag etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Gülşirin MAMEDOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdebinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Bagtyýarlyk ylhamy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesidir» diýen sözlerinden ylham alýan ýaşlar öz ýazan goşgularyny labyzly okamakda bäsleşdiler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, watançylyk, ahlak temalaryny çeper beýan edişi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ukyp-başarnygy we döredijiligi bilen tapawutlanan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň soňunda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ady dakylan muzeýine guralan gezelenç ýaşlar üçin diýseň täsirli boldy.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Ýurdumyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerini wasp etmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, okuwçylaryň döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Meniň Watanym rowaçlygyň mekany» ady bilen düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Olar düzmäni üç — türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratynlykda ýazdylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylara Gurbansoltan eje adyndaky etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Atageldi POPOW,
TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
23.05.2019ý.