Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz ösüp gelýän ýaş nesle uly ynam bildirýäris! Biz hemişe ýurdumyzda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgini döretmelidiris!» diýen sargytlaryndan ugur alyp, Büzmeýin etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Türkmenistanyň tebigatynyň Janly muzeýinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri, halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň möçberli işlerinde hormatly Prezidentimize rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.
Gurbanberdi Annanurow,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Köpasyrlyk taryhy bilen dünýä medeniýetiniň ösmeginde uly orun eýelän türkmen halyçylyk sungaty Watanymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nury bilen äleme şöhle saçýar. Haly türkmen gelin-gyzlarynyň kalbynyň jümmüşinden çykýan täsin, özboluşly şirin mukamdyr.
Bäherden etrabyndaky Çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Nepislige beslenen türkmen halysy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede enelerimizden miras galan ajaýyp türkmen halylarynyň sergisi guraldy. Halypa halyçylar haly dokamaklygyň inçe tilsimleri dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.
Arzygül AGAÝEWA,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Ýolöten şäherindäki Çagalar sungat mekdebinde «Men öz ilimiň bagşysy» ady bilen geçirilen bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy. Oňa Ýolöten etrabynyň ýaş bagşylary we sazandalary uly hyjuw bilen gatnaşdylar. Ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýeňiji bolan bagşy-sazandalara Ýolöten etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
TMÝG-niň Ýolöten etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Çaga — durmuşyň güli» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Sebäbi päk ýürekli çagajyklary synlanyňda, göwnüň göterilip, ýaşaýşa bolan höwesiň artýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ülkämizde çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmekleri üçin gurlan we gurulýan dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sany barha artýar. Ýylyň-ýylyna çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtyny hoş hem-de şadyýan geçirýärler. Ýaş nesilleriň ýagty geljegini we olaryň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sumbar MAMEDBAÝEWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de sportuň ösdürilmegini, jemgyýetde, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegini, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegi möhüm wezipe hökmünde öňe sürmegi biz — ýaşlary diýseň guwandyrýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň şahsy görelde görkezýändigi ýaşlarda milli Liderimize bolan buýsanjy, sporta we bedenterbiýä bolan höwesi has-da artdyrýar. Ýaşlaryň sagdyn bedenli, gujurly, maksada okgunly we ruhubelent bolup ýetişmeklerine oňyn täsir edýär. Ýaş nesiller hakynda edýän çäksiz uly aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerimiz çäksizdir.
Akmuhammet NAZAROW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde «Sagdyn durmuşyň gözbaşy — sport» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşik täsirliligi bilen tapawutlandy. Gyzykly hem çekeleşikli geçen sport bäsleşigi ezberleri ýüze çykardy. Bäsleşikde tanap çekmekde «Güneş» we «Bagtyýarlyk», futbol boýunça «Berkarar» toparlary ýeňiş gazandylar. Milli göreş boýunça Resul Baýmedow bilen Myrat Begliýew üstünlikli çykyş edip, tapawutlandylar. Sportuň küşt, şaşka, düzzüm görnüşleri boýunça hem birnäçe ýaşlar öňe saýlanmagy başardylar. Olaryň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlaryna we sowgatlaryna mynasyp boldular.
Tahyr ILJANOW,
TMÝG-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýaş alymlar Geňeşi bilen bilelikde guramagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýaş alymlar merkeziniň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu maslahata ylym bilen ýakyndan meşgullanýan ýaşlaryň aglabasy gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenilip, olarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleri, Ýaş alymlar merkeziniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy, olaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylym we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bolsa, her bir çykyşda aýratyn bellenildi.
Merjen Gurbanowa,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
01.06.2019ý.