Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli “Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny sanlaşdyrmakda ýaş alymlaryň oýlap tapyşlary” ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen bu maslahat umumy mejlisden we üç bölümden ybarat boldy.
Ylmy maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Soltangeldi Babaýew giriş sözi bilen çykyş etdi we maslahaty alyp bardy. Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň fizika-matematika, himiýa, geologiýa, tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik-kätip Rahmanguly Esedullaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Azat Ataýew, Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty, Ýaş alymlar Geňeşiniň agzasy Zamira Babanazarowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň IV ýyl talyby, Ýaş alymlar we hünärmenler geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi Gaýgysyz Garýagdyýew dagy çykyş edip, olar degişlilikde “Berkarar döwletimiziň ylmy binýadyny ösdürmekde ýaş alymlaryň öňündäki wezipeler”, “Ykdysadyýeti sanlaşdyrmagyň amatly tapgyrlaryny kesgitlemek”, “Sanly ykdysadyýetiň hukuk üpjünçiligi — durmuş-ykdysady ösüşiň döwrebap ugry”, “Atmosferanyň hil ýagdaýyna ekologik monitoringi geçirmekde sanly serişdeleriň orny” atly temalar boýunça täsirli gürrüňleri etdiler.
Umumy mejlis tamamlanandan soň maslahatyň dowamy bölümlerde dowam etdi. I bölüm “Senagaty, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny sanlaşdyrmagyň döwrebap modelleri” diýlip atlandyrylyp, bu bölümde 32 çykyş diňledildi. II bölüm “Ykdysadyýeti sanlaşdyrmagyň tehnologiýa binýady we programma üpjünçiligi” diýlip atlandyryldy. Bu bölümde bolsa çykyşlaryň 15-si meýilleşdirildi we ýerine ýetirildi. “Ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda IoT (internet of things) tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ylmy esaslary” ady bilen geçen III bölümde meýilnama esasynda 13 çykyş diňlenildi. Ýerine ýetirilen çykyşlaryň her birinde oňa gatnaşyjylar özleriniň taýýarlan taslamalary, işleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Bölümleriň işi tamamlanandan soňra jemleýji duşuşyk geçirildi we maslahata gatnaşyjylara oňa gatnaşyp, bir-birinden täsirli çykyşlary üçin köp sag bolsun aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzda ylyma, bilime giň ýol açyp, ýaşlaryň ýiti zehinli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda çäksiz alada edýän döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.