ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli «Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny sanlaşdyrmakda ýaş alymlaryň oýlap tapyşlary» ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen bu maslahat umumy mejlisden we üç bölümden ybarat boldy.

Umumy mejlis tamamlanandan soň, maslahat bölümlerde dowam etdi. I bölüm «Senagaty, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny sanlaşdyrmagyň döwrebap modelleri», II bölüm «Ykdysadyýeti sanlaşdyrmagyň tehnologiýa binýady we programma üpjünçiligi», III bölüm «Ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda IoT (internet of things) tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ylmy esaslary» ady bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen çykyşlarda oňa gatnaşyjylar taýýarlan taslamalary, işleri barada täsirli gürrüň berdiler. Maslahatyň ahyrynda ýaşlaryň ýiti zehinli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda çäksiz uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda döwletimizde yzygiderli amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň sport ulgamy dünýä derejesinde uly abraýa eýe bolýar. Muňa ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlar, sport oýunlary, dünýä derejesine doly laýyk gelýän sport desgalary şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň görelde mekdebine öwrülen hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda welosiped sürmek ýörgünli sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Yzygiderli geçirilýän sport çäreleriniň çäklerinde hem köpçülikleýin welosiped sürmeklik giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda welosportçy ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde gurlan binalaryň biri bolan üsti ýapyk Welotrek merkezine baranyňda hem görmek bolýar.

Bagtyýar ýaşlarymyza sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde görelde bolýan, Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygy ugrunda uly işleri amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Enejan RAHYMOWA,

TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gökdepe etrabyndaky «Kömelek» atly 5-nji ça­ga­lar ba­gyn­da «Biz — bag­tyýar döwrüň şadyýan körpeleri» atly şygar astynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa Gökdepe etrabynyň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda çagalaryň ýerine ýetiren aýdymlary belentden ýaňlandy. Körpelerden düzülen tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary buýsançly kalplara şatlyk paýlady. Bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän şygyrlar labyzly ýerine ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan ähli körpelere Gökdepe etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Bagtly çagalygyň, arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesliň aladasy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Olaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Mary etrabyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Şadyýan tomus» atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Çagalaryň oňat dynç almaklary hem-de wagtlarynyň hoş geçmekleri üçin ähli şertleriň döredilen bu çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde körpeler öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, şirin aýdymlary bilen Watanymyzyň waspyny ýetirdiler.

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Kerki etrabynda ýerleşýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Körpe türgenler» ady bilen ýaryş geçirildi. Olar öz aralarynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Şowhunly hem-de çekeleşikli geçen ýaryşda çagalar bu ugurda başarnyklaryny görkezdiler.

Ýaryşda ýeňiji bolmagy başaran çagalara Kerki etrap Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Oýdin AŞIROWA,

TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Bereket etrap bilim bölümi etrap Ýaşlar guramasy bilen bilelikde körpeleriň arasyn­da «Türk­me­nis­tan — rowaçlygyň Watany» atly şygar astynda bäsleşik geçirdi. Oňa etrabyň çäginde ýerleşýän çagalar baglarynda terbiýelenýän ýaş nesiller uly höwes bilen gatnaşdylar. Körpeler özlerini hem-de terbiýelenýän çagalar bagyny çeper sözleriň üsti bilen wasp etmekde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlary aýtmakda, goşgyny labyzly ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede, körpeler Rejepbibi Gurbannepesowa, Mähriban Goýunlyýewa, Nurana Garajaýewa tapawutlanyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan çagalara Bereket etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Baýramgül SARAÝEWA,

TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň sagdyn kemala gelmekleri, kämil bilim-terbiýe almaklary üçin, ähli mümkinçilikler döredilýär. Muny Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleriň dowamynda hem görmek bolýar. Körpeleriň baýramçylygy mynasybetli Köneürgenç şäherinde hem baýramçylyk çäreleri geçirildi, sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy. Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşan ýaş nesilleriň birnäçesi Köneürgenç şäher Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlaryna we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. Bu bolsa çärä gatnaşan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy.

Wepa KERIMOW,

TMÝG-niň Köneürgenç şäher Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

08.06.2019ý.

 

Öňki makala

YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

Indiki makala

DÖREDIJILIK FESTIWALY

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.