DÖREDIJILIK FESTIWALY

Hormatly Prezidentimiziň döredijilige, sungata, medeniýete höwesjeň talyp ýaşlara berýän goldawy, olaryň ýüreklerinde egsilmez ylham, buýsanç, joşgun döredýär. Milli medeniýetiň gülläp ösýän ýurdy hökmünde ykrar edilen mähriban Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Çünki medeniýet ýurduň ruhy keşbini, gözelligini, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Halkymyzyň bagtyýarlyk döwrümize bolan söýgüsiniň waspyny ýetirýär.

Iýun aýynyň 8-ine paýtagtymyzda giň gerim alan «Talyp joş­gu­ny — 2019» at­ly dö­re­di­jilik festiwaly oňa gatnaşyjylara ýakymly duýgulary peşgeş berdi. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­lygyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilen festiwala ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar.

Festiwalyň başynda oňa gatnaşan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Soňra talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.

«Ta­lyp joş­gu­ny — 2019» atly döredijilik festiwalyna gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Gurbannazar ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

11.06.2019ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.