Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmekleri hemde ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmekde, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeler gazanylýar. Çünki bu ugurda hormatly Prezidentimiz uly işleri amala aşyrýar. Hususanda, ýaşlaryň ylmy işlere imrinmegi, şeýlede alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän oňyn şertler öz datly miwesini-de berýär.
Diýarymyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini yglan edýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýeňiji diýlip yglan edilen ýaşlar sylaglandylar. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika boýunça; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlar boýunça bäsleşen ýaşlaryň 36-sy ýeňiji boldy.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine söz berýäris:
Meňli ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň daşky gurşawyň himiýasy we ekologiýasy barlaghanasynyň 2-nji derejeli inženeri:
— Men Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň golaýynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda döredilen emeli adanyň topragynyň we suwlarynyň düzümlerini ylmy taýdan öwrendim. 2018-nji ýylyň maý we oktýabr aýlarynda adanyň 4 nokadynyň suwundan we 5 nokadynyň topragyndan nusgalyklar alyp, kabul edilen usulyýetlere görä, seljerme işlerini alyp bardym. Esasy maksadym emeli adanyň suw gurşawynyň we topragynyň duz-suw balanslaryny öwrenmek boldy.
Barlaghana şertlerinde kabul edilen usulyýetleriň esasynda emeli adanyň suw gurşawynyň himiki düzümlerini, agyr metallaryň mukdarlaryny kesgitledim. Emeli adanyň topragynyň himiki, mehaniki agrohimiki düzümlerini, duzlulyk we gumuslyk derejesini, gury galyndynyň mukdaryny anyklap, oňa baha berdim. Emeli adanyň kenarýaka suw gurşawynyň ion düzümleriniň üýtgeýjiligini Türkmenbaşy şäheriniň durnuklaşan suw düzümleri bilen deňeşdirdim. Kesgitlän netijelerimiň adanyň topragyny, suwlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenijiler üçin başlangyç maglumatlar hökmünde peýdalanmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşige hödürlän «Hazaryň ýarymaý şekilli emeli adasynyň suw gurşawynyň we topragynyň düzümleri» atly ylmy işim 1-nji orna mynasyp boldy. Pursatdan peýdalanyp, ylmy işler bilen meşgullanmaga berýän uly goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn.
Guwanç GARÝAGDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby:
— Ýurdumyzda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň tehnologiýalaryny öwrenmek, olary ylmy taýdan derňemek, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şu nukdaýnazardan, ylmy işimde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň dürli tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen ýurdumyzyň çöllük çäklerini tokaýlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini içgin öwrendim. Çöllük çäkleri tokaýlaşdyrmagyň üsti bilen çölleşmegiň öňüni almak göz öňünde tutulýar.
«Çöllük ýerlerde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy» atly ylmy işimde çölüň kyn tebigy şertlerde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň täze tehnologik ulgamyny hödürledim. Olar öz içine topragasty yzgarlandyrmak, mulçirleme arkaly bugaryjylygy peseltmek, agroperlit we gidrogeller bilen toprakdaky çygy saklamagyň usullaryny alýar. Yssy howa şertlerinde çägeli çöl top raklarynda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň Groasis tehnologiýasyny we beýleki dürli usullary ylmy nukdaýnazardan derňedim. Şeýle hem çöllük çäklerde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin olaryň yzgarlanmagyny üpjün edýän gural we usul hödürledim. Bu gural çöllük ýerlerde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan amatly ýylylygy we suw kadalaryny üpjün edýär.
Bu ylmy işim bilen hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyny almak bagty miýesser etdi. Talyplaryň döwrebap bilim almaklary, kämil hünär menler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli şertleri döredip, ylmyň giňişliklerine aralaşmaga. özleşdirmäge ýakyndan ýardam berýän Gahryman Arkadagymyza biz — ýaşlaryň alkyşlarymyz çäksizdir.
Guwanç MÄMIÝEW.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby:
— Ylymda serhet bolmaýar. Ony yzygiderli ösdürmek arkaly aýdyň maksatlara ýetilýär. Alym Abu Reyhan al-Birunynyň aýdan şeýle sözleri bar: «Ylymlar köpdür. Olar zamananyň ykbaly bolup, dürli pikir we düşünjeler goşulanda köpelýär».
Ýokary okuw mekdebinde okaýan ugrum boýunça sungat dünýäsiniň giň menzillerine içgin aralaşyp, bu ýolda yz galdyran halypalaryň durmuş ýoluny öwrenmäge başlan günümden bäri ýaşlaryň geljekde öz ýollaryny tapmaklyk ugrunda nähili bolmaklary baradaky olaryň ündewleriniň uly bolandygyna magat göz ýetirdim. Netijede, «Ykballaryň tejribesi — kämilligiň terbiýesi» atly ylmy işi ýazmaga girişdim. Ussat halypalaryň paýhas eleginden geçirip aýdan döredijilik pikirleri, heniz öz ýoluny gözleýän ýaşlar üçin gyzykly we degerli düşünjeler almak da çelgi bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň biz — ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagymyz üçin döredip berýän mümkinçilikleri çäksizdir. Ylymlar güni mynasybetli ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda bolmagym baýramçylyk joşgunymy has-da artdyrdy. Begenjimiň çägi ýok.
Goý, milli Liderimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Sylap SYLAPOW,
Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy:
— Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, ösen tehnologiýalara erk edip bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek. mekdep okuwçylaryny okatmagyň täze usullaryny girizmek ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Orta mekdeplerde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň-da ylmy işler bilen meşgullanmaklaryna ähli şertleri döredip berýär.
Her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hemde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşige men «Tebigy ekologiki arassalaýjy serişdesi» atly ylmy işim bilen gatnaşdym. «Türkmenistan— rowaçlygyň Watany» ýylynda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda bolmagym, meni geljekdede ylmy işler bilen meşgullanmaga ruhlandyrar.
Ylmy işimde halypa mugallymymyň ýardam bermeginde gowaçanyň çöpüni hemde buýan köküniň şer betini almak üçin ulanylýan buýan köküniň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň netijesinde kafel, keramika, аýnа, plastik, mermer, rezin we beýleki önümleriň ýüzündäki uglerod birleş melerinden durýan kirleri, el yzlaryny, uglewod galyndylaryny we poslary aýyrmaga niýetlenen arassalaýjy serişdesini almagyň galyndysyz tehnologiýasyny işläp düzdüm. Tebigy taýdan ekologiki arassalaýjy serişdesiniň himiki usullar bilen sintezlenen uçujy organiki birleşmeleri saklaýan eredijiler bilen deňeşdirilende, onuň arassalaýjylyk ukyplarynyň ýokarydygy, adam saglygyna we daşky gurşawa zyýansyzlygyny bellemek ýerliklidir.
Mähriban Arkadagymyzyň biz — ýaş nesillere bildirýän beýik ynamyny ödemek mukaddes borjumyzdyr.
Ýazga geçiren Hallygözel ŞANAZAROWA, «Nesil».
"Nesil" gazeti,
13.06.2019ý.