Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň çuňňur yhlasy netijesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň toýlanýan günlerinde halkymyza gowşan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda geçen bu dabara ýurdumyzda zähmet çekýän raýatlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden, lukmançylyk paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly XI jildiniň halkymyza gowuşmagy milli Liderimiziň ýurdumyzda raýatlaryň saglygy barada uly alada etýändigini ýene bir gezek tassyklady. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ähli jildi ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Bu täze kitapda Watanymyzyň tebigaty, ösümlik dünýäsi, saglygy goraýyş derejesi, saglyk syýasaty, ilatyň saglygyny goramakda ýetilen sepgitler barada wajyp maglumatlar berilýär.
Şeýle-de çykyşlaryň her birinde ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren, milli lukmançylygyň şöhratyny dünýä dolduran hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdylyp, janynyň sag, başynyň dik, döwet galamynyň has hem ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.