Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 10-njy Saglyk öýünde «Berkarar döwletim şanly, şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizde halkymyzyň saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda ilatymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, sagdyn, berk bedenli, ruhubelent nesilleri kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler uludyr.
Maslahatyň ahyrynda köp sanly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.
Aýsoltan ABYLGAZYÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň hem-de Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň we etrap Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat dokma toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy täsirliligi bilen tapawutlandy. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde pagtadan we ýüpekden dokma önümleriniň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga, daşary ýurtly önüm öndürijileriň önümleriniň ornuny tutýan taýýar önümleriň täze görnüşlerini çykarmaga mümkinçilikleriň artýandygy dogrusyndaky söhbetler maslahatda ýerine ýetirilen çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýlede oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirýän beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Rüstem MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky «Ýaşyl ýaýla» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky düşünjelerini giňeltmek maksady bilen geçirilen sport ýaryşy «Sagdyn şu günden — sagdyn geljege» atly şygar astynda boldy. Geçirilen sport ýaryşynyň her bir görnüşinde ýaş nesilleriň maksada okgunlylygy, erjelligi aýdyň duýuldy. Sport bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bahar PATJAÝEWA,
TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň kärendeçileri 5800 gektar meýdana gowaça çigidini ekdiler. Häzirki wagtda daýhanlar gowaçalara ideg etmek işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Boz meýdanlarda zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardygy guwandyryjydyr. Olar topragy dürli dökünler bilen gurplandyrýarlar. Traktorlara erk edýän ýaş mehanizatorlar gowaçalaryň hatarara bejergisini geçirip, düýplerini ýumşadýarlar.
Gowaçalaryň kesellemegine birjik-de ýol berilmeýär, sebäbi onuň sagdyn boý almagynyň aladasyny edýän ýaş kärendeçiler bar. Olar häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ikinji dökün we ösüş suwuny berýärler, üçünji hatarara bejergi işlerini talabalaýyk alyp barýarlar. Etrabyň Marçak, Azatlyk, Pendi daýhan birleşikleri bu ugurda nusgalyk işleri görkezýär. Ýakyn wagtlarda idegi ýetýän gowaçalar hasyla durar.
Ýokary öndürijilikli tehnikalary satyn alyp berýändigi we mineral dökünler bilen üpjün edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza ussat kärendeçileriň, mehanizatorlaryň alkyş sözleri çäksizdir.
Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,
TMÝG-niň Tagtabazar etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli, şowhunly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Hojambaz etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan etrabyň 1-nji orta mekdebiniň binýadynda hereket edýän «Älemgoşar» çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan ýaş nesilleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Sport ýaryşyna çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Toparlar öz aralarynda sportuň we hereketli oýunlaryň, tanap çekmek, topy halkanyň içine oklamak, top bilen bellenen aralyga ylgamak görnüşlerini ýerine ýetirmekde çalasynlygyny, çakganlygyny görkezdiler. Ýeňiji bolan toparlara Hojambaz etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary gowşuryldy.
Şöhrat KADYROW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Gumdag şäher hassahanasynda geçirilen «Saglyk — bagtyýarlyk» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Onda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünlikleri, keselleriň öňüni almak, bejermek, lukmançylyk hyzmatlaryny döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Joşgunly aýdym-sazlara beslenen baýramçylyk çäresinde saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän ýaşlara Gumdag şäher Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary berildi.
Gülşat TAGANDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Gumdag şäher Geňeşiniň başlygy.
Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ýaş nesilleriň arasynda asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik, olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretdi. «Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly nesilleri» ady bilen geçirilen bäsleşikde çagalaryň çeken suratlarynda ata Watanymyzyň ajaýyp keşbi, oba durmuşy öz beýanyny tapdy. Daştöweregiň gözelliginden lezzet alan çagalar surat eserlerinde tebigatyň täsin keşbini hem ussatlyk bilen çekdiler.
Ajaýyp suratlary bilen tapawutlanan çagalaryň birnäçesi Daşoguz şäher Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
Serdar HUDAÝGULYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
25.07.2019ý.