Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Tehniki howpsuzlyk düzgünlerini, ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almaklygy, gaz we tok üpjünçiligini talaba laýyk berjaý etmekligi wagyz etmek maksady bilen guralan bu maslahat Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli pudagynda zähmet çekýän wekiller gatnaşdylar.
Degişli pudak edaralaryndan gelen wekilleriň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda parahatçylygy pugtalandyrmak, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle-de halkymyzyň abadan ýaşaýşyny emele getirmek döwlet syýasatymyzyň özenini düzýär. Tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almak, gaz we tok üpjünçiligini talaba laýyk berjaý etmek bilen, her bir raýat sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginde mynasyp işleri alyp barmalydygy dogrusyndaky söhbetler bolsa, maslahatda aýdylan çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle-de halkyna asuda ýaşaýşy peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri buýsanç bilen aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.