Salkyn saýaly Gökderede ýerleşýän «Çynar» hem-de «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähine gezelenç guraldy. «Sagdyn ýaşlar — Watanymyzyň geljegi» ady bilen geçirilen gezelenjiň soňy sport bäsleşikleri bilen utgaşdy. Onda ýeňiji bolanlar Aşgabat şäher hem-de Büzmeýin etrap Ýaşlar guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
Şemşat SULIÝEWA,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan körpelerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz» atly şygar astynda geçirilen sport bäsleşiginde ýeňiji bolan çagalara gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» 44-nji bendinden ugur alyp, ýaşlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini artdyrmak, boş iş orunlary barada maglumatlar bilen olary tanyşdyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher bölüminde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýaşlara ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn bolmaklary hem-de olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklary ündeldi.
Gülşirin HATAMOWA,
TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Türkmen ilim galkynýar, Arkadagymyz bilen» atly şygar astynda maslahat geçirildi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň demir ýol pudagynda alnyp barylýan özgerişler dogrusynda gürrüň edildi. Berkarar döwletimiziň demir ýol ulgamynyň ýolagçy we ýük hyzmatlaryny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Maýagözel GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň esasy hünärmeni.
Babadaýhan etrabynyň Hasyl obasyndaky 2-nji orta mekdebinde döredilen çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan ýaş nesilleriň arasynda geçirilen sport ýaryşy diýseň çekeleşikli hem-de gyzykly boldy. Bu sport ýaryşlaryny Babadaýhan etrap Ýaşlar guramasy, etrap bilim bölümi hem-de sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilelikde gurady. Çagalar öz aralarynda toparlara bölünip, sportuň 100 metr aralyga ylgamak, tanap çekmek, ýüp bökmek ýaly görnüşleri boýunça ýaryşdylar.
Ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan toparlar Babadaýhan etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlary bilen sylaglandylar.
Baýramdurdy AMANMYRADOW,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän «Eşretli kenar» hususy kärhanasynyň polietilen paket önümçilik sehinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine oňyn täsirini ýetirýän kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň sany, telekeçilik düzümleri barha artýar. Bu ulgamda bäsdeşlige ukyplylyk barha işjeňleşdirilýär. Munuň özi içerki bazarlarymyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda bu hususy kärhanada zähmet çekýän göreldeli ýaşlaryň birnäçesine Baýramaly şäher Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Marýam UMAROWA,
TMÝG-niň Baýramaly şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Etrek etrabynyň bilim bölüminiň mejlisler jaýynda «Sagdyn çaga — bagtyýar ene» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy baý many-mazmuna eýe boldy. Oňa etrabyň saglyk we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar hemde ýaş çagaly eneler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, kadaly iýmitlenmegiň, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagyň, arassa howada işjeň hereket etmegiň çagalaryň saglygyna ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Döwrebap sport toplumlary ýaşlarda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça türgenleşmäge höwes döredýär. Boldumsaz etrap Sport mekdebinde etrabyň ýygyndy toparlarynyň arasynda «Sport — sagdynlyk» ady bilen geçirilen sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryşynda hem türgenler öz başarnyklaryny ezberlik bilen görkezdiler. Ýaryşyň ahyrynda tapawutlanan toparlara Boldumsaz etrap Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Atamyrat KANJANOW,
TMÝG-niň Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
01.08.2019ý.