Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Nusgalyk çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» ady bilen yglan edilen merkezara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar düzgünnama esasynda birnäçe şertler boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Diýseň täsirli geçen bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisine gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gurbannazar ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
Bagtly çagalygyň ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda «Çagalaryň gülküsi — bagtyň owazy» ady bilen gezelenç guraldy. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähine bolan gezelenji Köpetdag etrap häkimligi bilen etrap Ýaşlar guramasy bilelikde gurady. Gezelenjiň dowamynda ak şäherimiz Aşgabadyň täsin ýerleri hakynda sowal-jogap alşyldy.
Perman BALLYÝEW,
TMÝG-niň Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.
Kaka etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan «Saglyk — başymyzyň täji» atly şygar astynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy yzygiderli geçirilýär. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen geçirilen şeýle täsirli duşuşyklaryň biri-de Kaka etrabynyň «Obahyzmat» kärhanasynda boldy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetiniň barha sagdynlaşýandygyny, sportda biçak uly üstünlikleriň gazanylýandygyny nygtap, halkymyzyň saglygy hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Adam hukuklaryny goramak, maşgala mukaddesliklerini aýap saklamak maksady bilen, Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda «Maşgalam — baş galam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Garagum etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de kazyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda maşgala gymmatlyklaryny mysallar arkaly giňişleýin beýan edip, ýaş maşgalalara degerli maslahatlaryny berdiler.
Sülgün AGAJANOWA,
TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.
Şadyýan tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem-de mekdepleriň çäklerinde hereket edýän dynç alyş meýdançalarynda dynç alýan ýaş nesilleriň wagtlaryny hoş geçirmeklerini gazanmak bilen birlikde, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen bäsleşikler dowamly yglan edilýär. Döwletli etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň çäginde hereket edýän çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan körpeleriň arasynda sowal-jogap alyşmak, tapmaçalardyr matallar aýdyşmak boýunça bäsleşik geçirildi. Onda tapawutlananlaryň birnäçesi Döwletli etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlaryna we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, futbol, ýeňil atletika görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş örän gyzgalaňly boldy. «Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary» atly şygar astynda geçirilen ýaryşda çagalar toparlara bölünip, öz aralarynda bäsleşdiler. Ýaryşa gatnaşan we ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Berdimyrat NYÝAZDURDYÝEW,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň çäginde döredilen «Bagtyýarlyk» çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen bäsleşik geçirildi. «Zehin baýlygy» ady bilen geçirilen bäsleşikde eminler tarapyndan çagalara ýaş aýratynlygyna görä iňlis dilinde zehin sowallary berildi. Sowallara dürs jogap berip, tapawutlanmagy başaran çagalara Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şeker HAÝTANOWA,
TMÝG-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
08.08.2019ý.