HALAL ZÄHMET – BAGTYÝAR DURMUŞ

Halallyk, halal ýaşaýyş, halal gazanç, halal zähmet diýen düşünjeler biziň halkymyzyň gadymdan bäri ganyna, ruhuna, süňňüne siňen ajaýyp häsiýetlerdir. Ýaşaýyş-durmuşymyza ýazylmadyk kanun bolup ymykly ornaşan bu düşünjeler dogrusynda ata-babalarymyzdan miras galan rowaýatlara, tymsallara, çeper aýtgylaryna, nakyllardyr atalar sözlerine näçe diýseň gabat gelmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabynda hem “Eklenjiň yzyndan diňe halallyk ýeter”, “Halal zähmet – baky döwlet”, “Halal işle, haýyr tap”, “Halala hasap bar, harama – azap” ýaly paýhasly sözler özüniň mynasyp ornuny tapyp, bu eser ýaşlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr.

Alp Arslanyň, Görogly begiň, Gorkut atanyň, Däli Domrulyň halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgelerini gursagynda şineleden, halal, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bu günki gün ýurdumyzyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ine şol aýdyň maksat bilen hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda raýatlaryň, aýratyn-da ýaş raýatlaryň arasynda wagyz -nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýle wagyz-nesihat çäresiniň biri-de şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň mejlisler jaýynda geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahat “Halal zähmet – bagtyýar durmuşyň kepili” diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň dürli pudagynda zähmet çekýän raýatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşda halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa garamazdan ýüze çykýan käbir nogsanlyklaryň, parahorlugyň we korrupsiýanyň günübirin öňüni almagyň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de halal ýaşap, halal gazanç etmek arkaly durmuşy özgertmek, zähmet çekip baýlyga eýe bolmak, milli Liderimiziň çykyşynda: “Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys” diýip belleýşi ýaly, biziň her birimiziň ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülen halal ýaşamak, şer işlerden gaça durmak, nebse özüňi aldyrmazlyk ýaly kadalaryny berk berjaý etmegimiziň zerurlygy dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Ýol-ulag düzgünlerini talaba laýyk berjaý etmek meseleleri babatda hem degerli pikirler öňe sürüldi.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda bu ugurda ähli zerur şertleri döredip, gözel ýurdumyzy beýik üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, halallyk ýörelgesiniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi. Şeýle-de türkmen halkymyzy ýetip gelýän halallygyň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramy bilen mähirli gutlanyldy.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Indiki makala

GURBAN BAÝRAMY

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.