Külli musulman döwletleri bilen birlikde ata Watanymyzda ýokary derejede toýlanylýan Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli toý çäreleri ýokary ruhubelentlige beslenýär. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly ýagdaýda belleýär. Şu gün Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde guralan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy hem bu toýuň şanyna tutuldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher we Büzmeýin etrap häkimlikleri bilen bilelikde guradylar.
“Arkadagly Watanda toýlar toýa ulaşýar, bu gün Gurban baýramynyň dabarasy dag aşýar” ady bilen guralan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň meşhur aýdymçy-sazandalary, halk döredijilik we tans toparlary özleriniň taýýarlan çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bu ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlaryny beýan etmäge hem mümkinçilik döredildi. Olaryň ählisinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna kybap gelýän, hoşniýetliligiň, päk ýürekliligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde bellemäge ähli mümkinçilikleriň döredýän, ruhy-medeni däplerimize aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Gurban baýramynyň milli aýratynlygy bolan hiňňildikler bolsa ýaş oglan-gyzlardan doly bolup, bu baýramyň toýlanýan günlerine özüniň gaýtalanmajak öwüşginini çaýdy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.