Çagalar biziň durmuşymyzyň güli, şatlygymyzyň gözbaşydyr. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, il halkymyza, mähriban Watanymyza wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada hemişe aladalanýar. Çagalaryň arzyly tomusky dynç alşynyň şatlykly geçmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Gökderäniň «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ýaş nesilleriň arasynda «Biz sporty söýýäris!» atly şygar astynda ýaryş geçirildi. Berkararlyk etrap häkimliginiň we etrap Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşda, olar sportuň futbol, küşt, şaşka görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny erjellik bilen görkezdiler.
Ýeňiji bolan çagalara Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Aýgül GAÝYPNAZAROWA,
TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Adamlary dostlaşdyryp, jebisleşdirýän Gurban baýramy türkmen ilinde şatlyk-şagalaň bilen giňden toýlanyldy. Bu mukaddes baýramçylyk mynasybetli «Arkadagym bilen rowaç ýollarymyz, uludan toýlanýar Gurban baýramymyz» atly şygar astynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy-da şowhuna beslendi. Il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen dabarada milli tagamlar taýýarlanyp, myhmanlara hödür edildi. Ýetginjeklerdir bala-çagalar dikilen belent hiňňildiklerde bat alyp uçdular. Bagşy-sazandalaryň, aýdym-tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.
Nurjemal MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Mary welaýat we Mary şäher Ýaşlar guramalarynyň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda «Döwletli döwrana ýeten ilimiz, tüýs ýürekden alkyşlaýar, Arkadag!» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi boldy. Mary şäherinde ýerleşýän «Nurana» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk çäresi Gurban baýramyna bagyşlandy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, joşgunly tanslary, şirin mukamlary çärä gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Röwşen HOMMADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.
Hazar deňziniň güni mynasybetli Wekilbazar etrabynyň Medeniýet merkezinde «Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk çäresinde buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli syýasatynyň waspy bolup ýaňlandy. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen çärä gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy babatda amala aşyrýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Orazjemal BERDIÝEWA,
TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň işgäri.
Sapaly dynç alşyň älemgoşar reňklerinde öwşün atýan tomus pasly mähriban topragymyzy çaga şatlygyna hem bagtyýarlygyna besleýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladasy we mähri bilen gurşalan ýaş nesiller arzuwlar mekanynda bagtyýar ösýär, il-günümiziň guwanjy bolup ýetişýär.
Darganata etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň çäginde döredilen «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan çagalaryň täsirli dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýakynda olaryň arasynda geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar-da örän gyzgalaňly boldy. Täsirli ýatlamalary bagyş eden ýaryşyň ýeňijileri Darganata etrap Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
Leýla GYLYÇMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda dynç alýan ýaş nesilleriň wagtlaryny hoş geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenbaşy etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda kenarýakasynda çägeden şekil ýasamak, asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň soňy sport ýaryşlary bilen utgaşyp gitdi. Bagtyýar çagalar sportuň tanap çekmek, kiçi futbol, estafeta ylgawy ýaly görnüşleri boýunça öz aralarynda ýaryşdylar. Tapawutlanan çagalara Türkmenbaşy etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Medeniýet merkezinde ýaşlaryň arasynda milli aýdym-saz sungatymyzy — dessançylyk ýoluny hem-de nakgaşçylygy giňden ýaýmak maksady bilen, «Öz ukyp-başarnygyňy görkez!» atly şygar astynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda etrap Medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary gyzgyn garşylandy. Biri-birinden zehinli ýaşlaryň arasynda dessan aýtmak boýunça Ogulşat Garlyýewa, goşgyny çeper okamakda Toýly Muhammetdurdyýew, täsin surat eseri bilen Marjana Baltaýewa 1-nji orna mynasyp boldular. Olara Gurbansoltan eje adyndaky etrap Ýaşlar guramasynyň taýýarlan sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Kerwen ÖWEZGULYÝEW,
TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
15.08.2019ý.