HALKARA ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANDY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we onuň ýanyndaky Ýaşlar Merkeziniň, şeýle-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda hepdelik medeni-köpçülik çäresi geçirildi.

12-nji awgust – Halkara ýaşlar güni mynasybetli geçirilen bu çäreler 6-njy awgustda badalga alyp, Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki binasynda guraldy. Guralan çäreleriň aglabasy okuw maslahaty görnüşinde geçirilip, olarda esasan liderçilik, sagdyn durmuş ýörelgeleri, meýletinçilik ýaly temalar ör boýuna galdyryldy. Ýaşlaryň arasynda aýdym we goşgy aýtmak boýunça guralan bäsleşik hem diýseň gyzykly boldy. Onda ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk mynasybetli guralan bu çäreler 12-nji awgustda jemlenip, turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan dabaralar ýaşlara ýakymly duýgulary peşgeş berdi.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.