Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatyň milli muzeýinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy giň many-mazmuna eýe boldy. «Ýaşlar siziň bilen, eziz Arkadag!» ady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynda Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular guramasynyň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň kapitany Batyr Berkeliýew, Büzmeýin etrap kazyýetiniň wekili Mekan Çaryýew dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda görelde görkezýändigini bellediler. Şeýle-de ýurdumyzy ösüşlere, halkymyzyň her bir gününi rowaçlyklara besleýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.
Şirin MIRMEDOWA,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.
Ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenýän ösüşleri halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Munuň şeýledigine Bagtyýarlyk etrabyndaky Türkmenbaşy Jins Toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Ösüşe beslenýär mähriban Diýar» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda has-da aýdyň göz ýetirildi. Onda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda beýik özgerişliklerdir ösüşler gazanylýar. Bu özgertmeleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyna, hususan-da, ýaş nesilleriň bagtyýar geljegine gönükdirilendir.
Geldimyrat BAGŞYÝEW,
Bagtyýarlyk etrabyndaky Türkmenbaşy Jins Toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
«Bagtyýar döwrüň sagdyn ýaşlary» atly şygar astynda «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Tejen etrap aragatnaşyk bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilimli, hünärli, watansöýüji, edep-terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrýan beýik işleri barada buýsançly gürrüň berdiler. Mähriban Diýarymyzda sagdyn ýaşaýşyň berkarar bolmagy, adam mertebesiniň belende göterilmegi, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň aň-düşünje taýdan kämilleşmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Öwezberdi ORUSOW,
TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Oguzhan etrabynyň 1-nji orta mekdebinde etrabyň bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen Awgust maslahatynda geçen okuw ýylynda amala aşyrylan okuw-terbiýeçilik işlerine seljerme berlip, 2019 — 2020-nji täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sanly bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahatyň ahyrynda geçen okuw ýylynda ýaş nesillere öňdebaryjy iş usullaryndan, täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp bilim-terbiýe bermekde tapawutlanan mugallymlara we terbiýeçilik işgärlerine TDP-niň etrap komitetiniň, etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary, şeýle-de gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Jennet ŞIRIÝEWA,
TMÝG-niň Oguzhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Jeýhunyň kenaryny jähekläp oturan «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem lebaply mekdep okuwçylarynyň höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi. Bu ýerde çagalaryň ençemesi özleriniň dynç alyş günlerini hoş geçirýärler. Ýakynda Dänew etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilen sport ýaryşlary ýokary ruhubelentlige beslendi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşajyk sport söýüjilere sowgatlar gowşuryldy.
Jemal BAZAROWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dynç almaga gelen çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Her welaýatdan gelen çagalaryň bir toparda çykyş etmekleri ýaryşyň has-da çekeleşikli geçmegine täsirini ýetirdi.
Sportuň küşt, basketbol, futbol, şeýlede woleýbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenbaşy etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bagtygül MÄMMETNUROWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.
Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebinde döredilen «Şadyýan çagalyk» atly çagalar dynç alyş meýdançasynda hem ýaş nesiller öz wagtlaryny diýseň şatlykly geçirýärler. Ýaňy-ýakynda olar «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ady bilen sportuň bäş görnüşi boýunça toparlara bölünip, öz aralarynda ýaryşdylar.
Ýaryşda ýeňiş gazanan topar Köneürgenç şäher Ýaşlar guramasynyň Hormat hatyna we ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.
Gözel KUŞMEKOWA,
TMÝG-niň Köneürgenç şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
22.08.2019ý.