DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, şeýle-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň hem-de ýaş ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu duşuşyk “Ylham joşýar ýaşyl tuguň astynda – ýaş şahyrlar ajap döwrüň waspynda” diýlip atlandyryldy.

Duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlar – “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, “Milli goşun” žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garlyýew, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär katibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, “Galkynyş” gazetiniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa, Annasoltan Nunnakowa dagy çykyş edip, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara özleriniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny berdiler. Olaryň çykyşlarynyň özenini ýurdumyzda ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup kemala gelmekleri, şeýle-de, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilýändigi dogrusyndaky täsirli gürrüňler düzdi. Döredijilik duşuşygynda halypalaryň ýerine ýetirmeginde okalan şygyrlar bolsa, oňa gatnaşyjy ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlikde geçen maslahatda oňa gatnaşyjylar eşretli zamany, bagtyýar durmuşy berkarar edip, halkyna ýagty ertiri bagyş eden milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.