BEÝIK IŞLERIŇ DIÝARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda tutuş ata Watanymyz täze aýdyň belentliklere barýar. Ine, şu ýylyň aprel aýynyň 10-y hut hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşmegi bilen Ahal ilini, ylaýta-da, ýaşlary buýsandyrýan, taryh gatyna altyn harplar bilen ýazylan gün boldy. Gahryman Arkadagymyz Gökdepe topragyna gelip, biziň gadymy Gorjaw obamyzyň günorta-gündogar tarapynda, tebigy taýdan amatly ýerde, Köpetdagyň eteginde täze şäheriň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda bu ýerde ýaşaýyş üçin oňaýly, amatly şertleri bolan döwrebap jaýlar, bilim ojaklary, çagalar sungat mekdepleri, muzeýdir kitaphanalar, Saglyk öýleri, mahlasy, dürli durmuş maksatly binalar toplumlary peýda bolar, täze ýollar çekilip, şäher gür baglyga, güllere beslener.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Oňa bize-de gatnaşmak bagty miýesser etdi. Milli Liderimiz şol duşuşykda: «Biz her bir işde, döwletli tutumlarymyzda geljegimiz bolan ýaşlara uly ynam bildirýäris» diýip belledi. Elbetde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky aladany üns merkezinden birjik-de düşürmeýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, maksada okgunly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga bolsa biziň ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Biz şeýle ajaýyp desgalaryň hyzmatyndan hemişe peýdalanýarys.

Golaýda paýtagtymyzyň dürli sport desgalarynda bolup, bu ugurdan gazanylan üstünliklere guwandyk. Golf meýdançasynda bu oýnuň tärlerini öwrendik. Etrabymyzyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Gökdere jülgesine gezelenç ýaşlarymyzyň kalbynda hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine buýsançlaryny goşalandyrdy.

Goý, ýaşlar hakyndaky aladany belent derejelere çykarýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

10.09.2019ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.