HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda guramanyň işjeň agzalarynyň, dürli kärde zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň, şeýle-de bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýyna bagyşlanyp, hoşallyk maslahaty geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň uly mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahatda, esasan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yglan edilen «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň barha rowaçlanýan günlerinde, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýyndan gelip çykýan wezipeler, şeýle-de döwlet işleriniň hem-de aladalarynyň kändigine garamazdan, wagt tapyp, hormatly Prezidentimiziň bu gurultaýa gatnaşmagy we ýaşlar babatda edýän atalyk aladalary dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösen döwletleriň hataryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde ýaşlarymyzyň bagtyýar, kadaly ösüşine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigi, ýaş nesilleriň watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýe almagy, ylym-bilim öwrenmegi, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda hem gürrüňleri etdiler.

Uly ruhubelentlige beslenen hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjy ýaşlaryň ählisiniň bilelikde ör turup, “Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen şygary buýsanç bilen gaýtalamagy, Watana söýgüden püre-pür ýaşlaryň ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde mynasyp işleri alyp barjakdyklaryna ynamyňy artdyrýar.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

 

Öňki makala

BEÝIK IŞLERIŇ DIÝARY

Indiki makala

BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.