Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda bäsleşik guraldy. «Belent maksatly ýaşlar – kämilligiň gözleginde» ady bilen guralan bu bäsleşik hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda: «Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň arasynda döredijilik festiwallaryny we bäsleşiklerini geçirip, täze zehinleri ýüze çykarmaly» diýen wezipelerinden ugur aldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary döwrüň ösen şahsyýetleri edip kemala getirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe işler alnyp barylýar. Guralan bu bäsleşigiň baş maksady hem ýurdumyzyň ajaýyp gözel keşbini, bagtyýarlyk zamanamyzyň öwüşgünini wasp etmekde ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, şeýle hem olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybarat boldy.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda oňa gatnaşyjy zehinli ýaşlar milli Garaşsyzlygymyzy, berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän çeper eserleri, çekilen we fotosuratlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hereket edýän “yashlar.gov.tm” saýtynyň turkmen-youth@online.tm elektron poçtasyna ugratmak arkaly gatnaşdylar.
Netijede ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden döwrüň sesine öz seslerini goşýan bagtyýar ýaşlaryň ençemesi bäsleşigiň ýeňijileri bolmaklygy başardylar. Olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.
Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlarymyz:
Maksat Hudaýberdiýew – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby “Doglan günüň gutly bolsun, Watanym!” atly makala;
Gözel Umarowa – Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň ýaşaýjysy Goşgular ýygyndysy;
Sülgün Bazarowa – Halkara ynsanperwer ylymlary we öşüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Goşgular ýygyndysy;
Saparnepes Atabaýew – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy goşgular ýygyndysy;
Gültäç Begnyýazowa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy goşgy;
Sähragül Durdyýewa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy goşgy;
Döwrangeldi Gaýypgulyýew – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy goşgy;
Bibiaýşa Gurbanowa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy goşgy;
Amanbibi Hajyýewa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy goşgy;
Aýjahan Kurbanowa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy hekaýa
Gurbanbagt Nuryýewa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 9-nji synp okuwçysy goşgy;
Gülälek Söýeşowa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy oýlanma;
Saparmyrat Hommadow – Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 14-nji orta mekdebiň mugallymy
Baky Amanýazow – «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy
Arslan Kakaýew – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň MT we A fakultetiniň maşyngurluşyk toparynyň 1-nji ýyl talyby. Makala.
Merjen Ballyýewa – Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Galkynyş köçesiniň ýaşaýjysy
Ysmaýyl Muhammetdurdyýew – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy. Goşgylar we makala;
Azym Kerimow – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby surat
Arzuw Rahmanowa – TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe daýhanyň yhlasyny ene ýer hasyly ýürekden eçilýär” atly surat;
Batyr Berdiýew – "Biznes Türkmenistan" internet neşiriniñ habarçysy “Buýsanjyñ keşbi” atly surat;
Sopy Sopyýew – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň müdiri surat;
Perman Hojamow – Garaşsyzlyk baýramyny şöhlelendirýän surat
Göwher Serdarowa – Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy çekilen surat
Gözel Nuralyýewa - www.ashgabat.in internet saýt – gazet makalalar ýygyndysy;
Gülistan Ýaýlymowa - www.ashgabat.in internet saýt – gazet makalalar ýygyndysy;
Myrat Diwanaýew - www.ashgabat.in internet saýt – gazet makalalar ýygyndysy