Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegine bagyşlanyp brifing duşuşygy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary, bagtyýar talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň giň foýesinde geçirilen bu duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew alyp bardy.
Geçirilen brifing duşuşygynda Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň orunbasary, Mejlisiň deputaty Ýazpolat Keriýew, “Nesil” gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Şeker Jumaýewa, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew dagy çykyş edip, oňa gatnaşyjy ýaşlary gyzyklandyrýan sowallaryň birnäçesine täsirli jogaplary berdiler.
Çykyşlarda esasan hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk etmeginde “Oguzkent myhmanhanasynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisinde öňe sürlen teklipler, başlangyçlar, şeýle-de Arkalaşygyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada gürrüň edildi. Maslahata gatnaşyjy ruhubelent ýaşlar hormatly Prezidentimiziň “Öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” şygaryny buýsanç bilen ýerine ýetirip, mundan beýläk hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde, olary kalby Watana, halka, hormatly Prezidentimize söýgüden püre-pür edip ýetişdirmekde irginsiz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Şeýle-de hormatly Prezidentimize halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan giň gerimli işlerine hem-de bu babatdaky taýsyz tagallalaryna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berlen ýokary sylagyň – “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medalynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, alkyşly sözlerini aýtdylar. Döwlet Baştutanymyza mundan beýläk-de ýurdumyzyň halkara abraýyny barha ýokarlandyrmakda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Gyzykly we täsirli geçen bu duşuşyk oňa gatnaşyjylaryň her birinde ýakymly duýgulary galdyrdy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.