DOKMAÇY GÖZELLER

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Senagat işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dokmaçy gelin – gyzlarynyň arasynda yglan eden “Dokma dokar ellerim” atly baýramçylyk bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Senagat işgärleriniň güni ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli dabaralar, dokma önümleriniň sergisi dokmaçylaryň arasynda gyzykly bäsleşikler guralýar.  Şeýle bäsleşikleriň biri şu gün paýtagtymyzyň Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. “Dokma dokar ellerim” ady bilen geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry toý ruhuna beslendi. Bu bäsleşigiň baş maksady dokmaçy gelin-gyzlaryň  ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, türkmen gözellerine mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini  we işe ezberligini, döredijilik ukybyny, keşp gözelligini açyp görkezmekden hem-de wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr.

Bäsleşige ilki bilen ýurdumyzyň dokma toplumlarynda, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda geçirilen tapgyrlarda öňe saýlanan dokmaçy gyzlaryň altysy bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşdylar. Düzgünnamanyň “Salamlaşyk”, “Türkmen halkynyň gadymy nagyşlarynyň syrlary”, “Keşte çeker ellerim”, “Kesbi-kärim nesillere görelde” şertine laýyklykda, dokmaçy gözeller türkmen milli lybaslarynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşleriniň zamanabapdygyny ussatlyk bilen beýan etmekde bäsleşdiler.

Eginleri şowurdap duran keteni köýnekli, on barmagy köken ýüzükli, apbasyly gözellerimiz bezemen sahna çykanda tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyryp, milli lybaslarymyza bolan egsilmejek söýgi döretdi. Uz ýörişli, ýüzleri nurana gözellerimiz däp-dessurlarymyzy ussatlyk bilen beýan edip, milli lybaslarymyzy mahabatlandyrdylar. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden ybarat bolan eminler topary ýeňijileri mälim etdi. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige işjeň gatnaşan gyzlar höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.