Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň we etrap Ýaşlar guramasynyň bilelikde Aşgabat şäherindäki 161-nji çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda geçiren sport ýaryşy diýseň gyzykly boldy. «Sagdyn bedende sagdyn ruh» ady bilen geçirilen ýaryşda körpeler sportuň birnäçe görnüşleri boýunça toparlara bölünip, öz aralarynda ýaryşdylar. Sport ýaryşynyň soňunda bagtyýar çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bolsa ýokary ruhubelentlige beslendi.
Akpamyk KULAÝEWA,
TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Senagat işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabadyň dokma toplumynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň senagat pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary ata Watanymyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň waspy bolup belentden ýaňlandy.
Baýramçylyk çäresinde halkymyzy bagtyýarlyga besleýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Annajahan ILLEKOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Kaka etrap hassahanasynda etrap merkezi kitaphanasynyň gaznasyndaky saglyk ulgamyna degişli kitaplaryň sergisi guraldy. Sergide görkezilen neşirler lukmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Kitaphanaçylar G.Tejenowa we G.Durdyýewa halkymyzyň ruhy hazynasy bolan kitaplaryň ähmiýeti hakynda durup geçdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsan saglygyna degişli ylmy kitaplary hakynda gürrüň etdiler. Hususan-da, milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary barada aýratyn durlup geçildi. Täsirli geçen sergide sowal-jogap alyşmalara hem giň orun berildi.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş kadalary dünýä medeniýetiniň örän möhüm we gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatlyklar her bir döwletiň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alyp, Serhetabat etrabyndaky 5-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Okuwçylaryň ýaşlyk joşgunyny, erjelligini ýüze çykaran ýaryşda tapawutlananlara Serhetabat etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Göwher AGAMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Serhetabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Baýramaly» şypahanasynyň mejlisler zalynda Baýramaly şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Ýaşlar Siziň bilen, eziz Arkadag!» atly maslahat boldy. Bu maslahat şu ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde kabul edilen Kararlary we çözgütleri durmuşa ornaşdyrmak hem-de halkymyza giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Onda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürilýär. Munuň bilen birlikde, Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlaryna öwrüldi. Şeýle-de olar merdana halkymyzy täze ösüşlere sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Marýam UMAROWA,
TMÝG-niň Baýramaly şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Pagta ýygymy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmakda ýüwrük elli ýygymçy ýaşlar hem özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar. Olary zähmete höweslendirmek, täze üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen pagtaly pellerde zähmet bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem Hojambaz etrabynyň ýygymçy ýaşlarynyň arasynda «Ussat ýygymçy» ady bilen geçirildi. Pagta ýygmakda ýokary netije görkezip, ýeňiji bolan ezber ýygymçylara Hojambaz etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Hudaýberdi DÖWLETOW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.
Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Etrek etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-günümize, ata Watanymyza wepaly, edep-terbiýeli we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döredýän uly mümkinçilikleri dogrusynda söz açyp, täsirli gürrüňler etdiler.
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.
«Türkmen alabaýy batyrlygyň hem-de wepalylygyň nusgasydyr» atly şygar astynda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 56-njy orta mekdebinde etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan 7-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi bilen baglanyşykly zehin bäsleşigi geçirildi. Düzgünnama laýyklykda, bäş şert boýunça geçirilen bäsleşige jemi 24 okuwçy gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň many-mazmunyny düşündirmekde, türkmen itleriniň biologik aýratynlyklaryny gürrüň bermekde, alabaýlar hakynda goşgy okamak, aýdymdyr rowaýat aýtmak ýaly şertler boýunça bäsleşen ýaş nesiller özleriniň zehin aýratynlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Gurbansoltan eje adyndaky etrap Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Kerwen ÖWEZGULYÝEW,
TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
19.10.2019ý.