Şeýle at bilen şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçen bu maslahata dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy raýatlar we bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň 21— 23-nji oktýabrda Ýaponiýa amala aşyran iş sapary we ondan gelip çykýan möhüm wezipelere bagyşlan maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilip, olarda milli Liderimiziň hoşniýetli, özara bähbitli ykdysady, medeni, gumanitar hyzmatdaşlyklara esaslanýan daşary syýasaty netijesinde hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklarynyň barha giňeýändigi, döwlet Baştutanymyz tarapyndan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny köpugurly ösdürmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi we mundan beýläk hem dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde alnyp barylmaly işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.
Şeýle-de oňa gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi meşhur Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyzyň mundan beýläk hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynda rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.