ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Ilatyň saglygy ýurduň baýlygydyr, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň esasy görkezijisidir. Şonuň üçin ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Bular dogrusynda Tejen şäher hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Bagtyýar döwrüň sagdyn ýaşlary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hem aýratyn bellediler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

Öwezberdi ORUSOW,

TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda «Türkmen ilim galkynýar Arkadag bilen» şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat ýol we desgalar edarasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda boldy. Onda çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmakda alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hususan-da, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýetilen belent sepgitler barada aýratyn durup geçdiler.

Täsirli çykyşlara baý bolan duşuşyga gatnaşan demirýolçy ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maýagözel GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň esasy hünärmeni.

Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň futbol we woleýbol görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşik ýaş türgenleriň ukyp-başarnyklaryny açmaga giň mümkinçilik döretdi. Bu bäsleşigi Wekilbazar etrap Ýaşlar guramasy etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde gurady.

Etrabyň çäginde ýerleşýän ähli sport mekdeplerinde türgenleşýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen sport bäsleşiginde ýeňiji bolan toparlara Wekilbazar etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Güljan ŞABASANOWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek maksady bilen, Darganata etrap Ýaşlar guramasynyň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Darganata etrabyndaky 2-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Onda ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri ündeldi.

Dünýägözel HAÝTEKOWA,

TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan tämiz, edepli-terbiýeli bolmaklaryny, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen, Bereket etrabyndaky 22-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

«Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar» şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ynsana mahsus oňat häsiýetler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de ýaşlara ata-babalarymyzdan miras galan edep kadalary berjaý etmeklerini ündediler.

Baýramgül SARAÝEWA,

TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda «Hany, bakaly gyzlar!» ady bilen geçirilen bäsleşik diýseň gyzykly boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ugur alyp, taýýarlanan gyzlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde çeper elli gyzlaryň sünnäläp ýerine ýetiren el işleri enelerimizden galan edim-gylymlaryň häzirki wagtda-da dowam etdirilýändigini hemde oňa döwrebap öwüşgin çaýylýandygyny görkezdi.

Ýaşlaryň kalbynda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde tapawutlanan gyzlar ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

31.10.2019ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.