ÝAŞ SURATKEŞLER BÄSLEŞDILER

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly mynasybetli yglan edilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeginden çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşler gatnaşdylar. “Türkmenistan Watanym – rowaçlyga ýetenim” ady bilen geçirilen bu bäsleşikde ýaş suratkeşler onuň şertine laýyklykda ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüşlerini, gözel tebigatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy surat çekmegiň akwarel we grafika ugurlary boýunça wasp etdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar ony guraýjylar tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.