ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Bagtly çagalygyň mekany Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, körpelerimiziň sagdyn hem bagtyýar kemala gelmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Şundan ruhlanyp, Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasy Aşgabat şäheriniň 114-nji çagalar bagynda «Sagdynlyk sportdan başlanýar» ady bilen aýdym-sazly sport çäresini geçirdi. Ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen bu çärede körpeler hereketli hem-de gyzykly sport çykyşlaryny görkezdiler. Dabara körpeleriň ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşyp has-da ýatda galyjy boldy.

Gülaýym AŞYROWA,

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Sarahs etrap Ýaşlar guramasynyň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginde Ýaşlar guramasynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň, önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli ulgamlarynyň, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň, ylym-bilimiň, medeniýetiň ösüşi, özgertmeleri hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ýaşuly nesliň wekilleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri hem daşary syýasatynda ýaşlaryň mynasyp ornunyň bolmalydygyny bellediler.

Hydyr DAŇATAROW,

TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Mary etrap Ýaşlar guramasy Türkmenistanyň Taekwon-do ITF federasiýasynyň Mary etrap bölümi bilen bilelikde sport ýaryşyny gurady. Ýaryşa Mary, Baýramaly, Wekilbazar etraplaryndan we Mary şäherinden ýaş türgenler gatnaşdylar. Gyzgalaňly geçen bäsleşik çekeleşikliligi, ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Toparlaýyn netije boýunça 1-nji orna Mary etraby, 2-nji orna Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebi, 3-nji orna Wekilbazar etraby mynasyp boldy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Zylyha BAKYÝEWA,

TMÝG-niň Mary etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ýaşlaryň taryhy we medeni mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen Daşoguz şäher Ýaşlar guramasy welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurady. «Şöhratly taryhymyz ýaşlara nusgalyk mekdepdir» ady bilen guralan bu gezelenje Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Muzeýde talyplar bagtyýarlyk döwrümiziň beýik işlerinden söz açýan ýyl ýazgylary, fotosuratlar, taryhy çeşmeler, arheologik tapyndylar bilen giňden tanyşdylar. Ýaşlar geçmiş taryhymyz, beýik danalarymyz barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar.

Jennet GULMYRADOWA,

TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde «Maşgalam — baş galam» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä şäheriň bilim, saglyk ulgamlarynda zähmet çekýän ýaş zenanlar gatnaşdylar. Çykyş edenler maşgala gymmatlyklary, ahlak kadalary, milli däp-dessurlarymyz hakynda täsirli gürrüň etdiler. Wagyz-nesihat çäresinde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, beýik işlerinde rowaçlyklar arzuw edildi.

Aýjan ABDULLAÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işgäri.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyza ata-babalarymyzdan gelýän milli hem medeni mirasymyza, geçmiş edebiýatymyza sarpa goýmak hakyndaky sargytlaryndan ruhlanyp, Magtymguly etrap Ýaşlar guramasy etrabyň Magtymguly Pyragy muzeýine gezelenç gurady. Etrabyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşan bu gezelenji «Medeni miras — müdimi miras» diýlip atlandyryldy. Akyldar şahyrymyzyň durmuşyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny, ekerançylyk, maldarçylyk durmuşyny şöhlelendirýän gymmatlyklar bilen tanyşmak ýaşlar üçin täsirli boldy. Şeýlede gezelenje gatnaşanlar muzeý işgärleri bilen akyldar şahyrymyzyň ömür ýoluna, döredijiligine degişli sowal-jogap alyşdylar.

Bägül SÄDIÝEWA,

TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

07.11.2019ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.