Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň bir bolan “Altyn ýyldyz” medeni dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň uly toýy — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň köpsanlysy gatnaşdylar.

“Halkymyzy milli buýsanç birleşdirýär – döwri ýaşlar gözelleşdirýär” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabarada ýurdumyzda ýaşlaryň söýgüsini gazanan tanymal aýdymçylaryň, folklor tans toparlarynyň şirin aýdymlary, ajaýyp tans çykyşlary ýerine ýetirildi. Şeýle-de dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik işlerini ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde, düşündirmekde we ýerine ýetirmekde işeňňirlik görkezen we jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşan ýaşlaryň köpsanlysyna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasyndan soňra bu ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda toý sadakasy berildi we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtyýarlygynda, Watanymyzyň asudalygynda toý-baýramlaryň has-da köp bolmagy, milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagy arzuw edilip aýat-töwirler okaldy.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Habarçysy.

 

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.