ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Berkararlyk etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ösüşlerimiziň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Duşuşykda çykyş eden ýaşlaryň päk kalbyndan joşup çykýan buýsançly sözler hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş bolup ýaňlandy.

Gülaýym AŞYROWA,

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Sarahs etrabynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda etrap häkimliginde maslahat geçirildi. Onda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bagtyýarlyga beslenýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň durnukly ösüş maksatlaryna berk eýerýändigi, hemişelik Bitarap Diýarymyzda gazanylýan beýik üstünlikleriň dünýä halklarynyň arasynda uly gyzyklanma döredýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hil taýdan ýokary derejelere ýetirmek babatda döwletli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy buýsanç bilen bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar gül açýan ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Arzygül MYRADOWA,

TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Bitaraplyk şugla saçýar Diýara» ady bilen maslahat geçirildi. Ony Mary welaýat Ýaşlar guramasy bu ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara giňişleýin düşündirmek maksady bilen gurady. Maslahatda institutyň halypa mugallymlary we talyplary, şeýle-de welaýat Ýaşlar guramasynyň öňdebaryjy agzalary çykyş etdiler. Olar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikler dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Asylly işlere badalga berýän milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Sakarçäge etrabynyň sport mekdebinde sportuň şaşka, küşt, düzzüm görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy. Ýaş nesilleriň sporta bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen «Sport — sagdyn durmuşyň binýady» atly bäsleşigi Sakarçäge etrap sport we ýaşlar bölümi hem-de etrap Ýaşlar guramasy bilelikde gurady. Bäsleşikde ýeňiji bolanlar Sakarçäge etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlaryna we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

Toýly ÇARYÝEW,

TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Hormatly Prezidentimiziň: «Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir» diýen sözlerinden ugur alyp, Dänew etrap Ýaşlar guramasy etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda sport bäsleşiklerini ýygy-ýygydan geçirip durýar. Ýaňy-ýakynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp geçirilen sport bäsleşigi hem diýseň gyzykly geçdi. Bu bäsleşik ýaş nesilleriň sportda ukyp-başarnyklaryny açmaga ýardam berdi. Ýeňijilere Dänew etrap Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Melike JUMAMURADOWA,

TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Serdar etrabyndaky 11-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Serdar etrap we şäher Ýaşlar guramalary bilelikde gurady. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan duşuşykda okuwçylara geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine, aýdym-sazly çärelere işjeň gatnaşyp, ata Watanymyza, halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri ündeldi. Okuwçylar okamaga, öwrenmäge, öz saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Gülsona AŞYROWA,

TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka we küşt görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş hem muny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu ýaryş etrap bilim bölümi hem-de Ýaşlar guramasy tarapyndan düzülen iş meýilnamanyň çäklerinde guralyp, ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak, olara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Uly ruhubelentlige beslenen sport ýaryşynda ýeňiji bolan toparlara etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Tahyr TIRKEŞOW,

TMÝG-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

25.01.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.