Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli paýtagtymyzdaky 18-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini kämilleşdirip, olaryň ata Watanymyza, il-ulsumyza wepaly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşygy Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi, Köpetdag etrap häkimligi hem-de etrap Ýaşlar guramasy bilelikde gurady. «Watanym berkarar, bagtyýar döwrüm» ady bilen geçirilen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Sülgün ANNAGELDIÝE­WA,

TMÝG-niň Köpetdag etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Watanymyz Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde dünýä ýüzünde abraýy barha artýar. Ýurdumyzda olaryň bagtyýar ösüp, kemala gelmegi we ilhalar nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiziň döredip berýän oňyn şertlerinden peýdalanyp, okuwçy ýaşlaryň sapakdan boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen Bäherden etrap Ýaşlar guramasy orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar bilen gezelenç gurady. Etrabyň täsin ýerlerine guralan gezelenjiň dowamynda okuwçylar ata Watanymyzy, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Sapargeldi SAPAROW,

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Bitaraplyk baky hemramyz bolsun!» şygar astynda geçirilen aýdym-sazly çäre «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli boldy. Oňa Oguzhan etrabynyň dürli kärde zähmet çekýän ýaşlary, il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri gatnaşdylar. Oguzhan şäherçesindäki Medeniýet öýünde geçirilen çärede çykyş edenler BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň halkara Bitaraplyk derejesiniň halkymyza eçilen bagty, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda öňde duran wezipeler we olary üstünlikli amala aşyrmakda alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet etdiler. Etrap medeniýet bölüminiň hoş owazly aýdymçylarynyň mähriban halkymyzy, milli Liderimizi, hemişelik Bitarap ýurdumyzy wasp edýän aýdymlary, «Oguz nagmalary» tans toparynyň ezber tansçylarynyň, ussat wäşileriň şowhunly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Jennet ŞIRIÝE­WA,

TMÝG-niň Oguzhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Farap etrabynyň «Amyderýa» toý mekanynda «Arkadagyň ak ýolunda bekäni, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan aýdym-sazlarda Watan mukaddesliginiň, asuda durmuşymyzyň, merdana gerçeklerimiziň waspy öz beýanyny tapdy. Dabaranyň dowamynda Watan goragçylaryna Lebap welaýat Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dinara KE­RIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada esasy orunda durýar. Olaryň bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa, kämil bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Gumdag şäherindäki 5-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Ahlak arassalygy — ruhy tämizlik» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlar hem bu babatda boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň hünärli, giň gözýetimli, arassa ahlakly, berk bedenli bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylara gymmatly öwüt-ündewleri etdiler.

Gülşat TAGANDURDYÝE­WA,

TMÝG-niň Gumdag şäher Geňeşiniň başlygy.

Daşoguz welaýatynyň çäginde dürli döwürlere degişli bolan, ençeme taryhy wakalara şaýatlyk edýän we şu günki günlerimize çenli abat saklanyp galan ýadygärlikleriň birnäçesi bar. Halkymyzyň şöhrata beslenen baý geçmişini ýaşlara öwretmek, taryhy we medeni ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen Ýaşlar guramasynyň Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşleri orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmaklarynda Köneürgenç Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç gurady. Oňa gatnaşan okuwçylar ýadygärlikler bilen içgin gyzyklanyp, olar barada baý maglumatlary topladylar. Olaryň gurluş aýratynlyklary, taryhy bilen ýakyndan tanyşdylar.

Dädebaý PIRMÄDOW,

TMÝG-niň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

30.01.2020ý.

Öňki makala

MASLAHAT GEÇIRILDI

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.