Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Hormatly Prizdentimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 29-njy ýanwarynda geçiren Konstitusion toparynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp, maslahatlaşmak maksady bilen brifing duşuşygy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary, bagtyýar talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň giň foýesinde geçirilen bu duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew alyp bardy.
Geçirilen brifing duşuşygynda Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň orunbasary, Mejlisiň deputaty Ý.Keriýew, “Nesil” gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, “Güneş” žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň terbiýeçilik bölüminiň hünärmeni, kapitan Ş.Kürräýew, Magtymguly adyndaky türkmen Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy M.Geldiýew dagy çykyş etdiler we oňa gatnaşyjy ýaşlary gyzyklandyrýan sowallaryň birnäçesine täsirli jogaplary berdiler.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.