Şugün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe işler alnyp barylýar. Guralan bu bäsleşigiň baş maksady hem ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, şeýle hem olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybarat boldy.
Bäsleşikde baş baýraga Gülnar Geldimyradowa, birinji orna Saparnepes Atabaýew, ikinji orna Serdar Açylow, baýrakly üçünji orna bolsa Aknur Rozyýewa mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan taýýarlanan gymmat bahaly sowgatlary (baş baýrak - Redmi note 8, birinji orun - tozan sorujy, ikinji orun - mikrotolkunly peç, höweslendiriji baýraklar – 35 sany ütük) gowşuryldy.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.