Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde TMÝG-niň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýar döwrümiziň bagtly gelin-gyzlary» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Mugallymçylyk mekdebimiziň «Lälezar» aýdymçy gyzlar toparynyň «Bitarap Watan», «Gyzlar aýdym aýdanda», «Ene», «Bitarap ýurdum bar» aýdymlaryna, şeýle-de «Elwan güller» tansçy gyzlar toparynyň «Joşgun», «Bahar», «Dutar owazlary» tanslaryna aýratyn orun berildi. Mekdebimiziň döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşlary Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden bagtyýarlyk döwrüniň waspy bolup belentden ýaňlandy.
Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlary, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan belent tutumly işler, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler, hemişelik Bitaraplygymyzyň umumadamzat dünýäsindäki ähmiýeti, eziz Watanymyzda gelin-gyzlarymyzyň, mähriban enelerimiziň belent sarpasy dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda belent ruha beslenen dabara mekdebimiziň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde «Bitaraplygyň mekany» diýen aýdym bilen jemlendi. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Welmyrat HOMMADOW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
“Nesil” gazeti,
10.03.2020ý.