ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Orta mekdeplerde bilim alýan 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlaryň arasynda her ýylda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşik geçirilýär. Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdepde hem bu bäsleşigiň şäher tapgyry geçirilip, oňa etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan sekiz gyzjagaz gatnaşdy. Çykyş eden körpeler goşgudyr aýdym-sazlarda, çeper okaýyşlarda ata Watanymyzyň ösüşlerini, milli egin-eşiklerimizi, bagtyýar çagalygy wasp etdiler. Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gü­lä­lek BAÝ­RA­MA­LY­ÝE­WA,

TMÝG-niň Aş­ga­bat şä­her Ge­ňe­şi­niň baş hü­när­me­ni.

Gökdepe etrabynyň «Eziz» toý mekanynda «Zenan kalby ýaly ajaýyp güller» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli Ahal welaýat Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan bu dabara etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Turuwbaşdan aýdym-sazyň hoş owazyna beslenen dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlarynyň hoş owazy kalplara ýaýrady. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň, bagtyýarlyk döwrümiziň, güler ýüzli zenanlarymyzyň, eşretli ýaşaýşymyzyň waspy belentden ýaňlandy.

Aý­na­gö­zel GO­ŞA­NA­ZA­RO­WA,

TMÝG-niň Ahal we­la­ýat Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Darganata etrabynyň 3-nji sport mekdebinde «Sagdyn durmuş — röwşen geljek» ady bilen sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guran bu ýaryşynda etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar özara bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde 1-nji orny 2-nji orta mekdebiň gyzlar topary eýeledi, şeýle-de 2-nji we 3-nji orunlary 5-nji hem-de 13-nji orta mekdepleriň gyzlar toparlary öz aralarynda paýlaşdylar.

Sum­bar MA­MED­BA­ÝE­WA,

TMÝG-niň Dar­ga­na­ta et­rap Ge­ňe­şi­niň bö­lüm mü­di­ri.

Türkmenbaşy şäher Ýaşlar guramasynyň, şäher bilim we medeniýet bölümleriniň bilelikde guramagynda «Aýdym bolup ýaşa, saz bolup ýaşa!» diýen at bilen şäheriň 10-njy orta mekdebinde şadyýan bäsleşik geçirildi. Şäheriň orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylaryndan düzülen toparlar Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işlerini, bagtyýar ýaşlygy, gözel tebigaty wasp edýän türkmen we daşary ýurt dillerindäki aýdymlary ýerine ýetirmekde, alypbaryjylyk ussatlygyny ýüze çykarmakda özara bäsleşdiler. Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orny 11-nji orta mekdebiň topary eýeledi, 2-nji we 3-nji orunlara degişlilikde 15-nji hem-de 5-nji orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji toparlar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Gur­ban­my­rat AB­DYL­WE­LI­ÝEW,

TMÝG-niň Türk­men­ba­şy şä­her Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar. Şolaryň biri hem paýtagtymyzdaky Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir» diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresidir. Bagtyýarlyk etrap Ýaşlar guramasynyň we Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň bilelikde guran bu çäresinde mähriban Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri, jemgyýetimiziň asudalygy, nesil terbiýesi, ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Os­man MU­HI­ÝEW,

TMÝG-niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdepde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp «Bişirýäris, gaýnadýarys, gowurýarys» ady bilen aşpezlik bäsleşigi geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasy bilen etrap bilim bölüminiň bilelikde guran bu bäsleşigine etrabyň orta mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçy gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Dürli tagamlary, işdäaçarlary ussatlyk bilen taýýarlamak, çeper söze ökdeligi ýüze çykarmak, ýatkeşligi berkitmek boýunça özara bäsleşip, toparlar ýaryşyň şowhunyny hasda artdyrdylar. Şeýlelikde, 1-nji orna 41-nji orta mekdebiň «Bagtyýar bägüller» topary mynasyp bolsa, 2-nji we 3-nji orunlary degişlilikde 50-nji orta mekdebiň «Nurana Aý» hem-de 56-njy orta mekdebiň «Mähek daş» toparlary eýelediler. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Al­tyn ATA­KO­WA,

TMÝG-niň Gö­rog­ly et­rap Ge­ňe­şi­niň bö­lüm mü­di­ri.

Mekdep okuwçylaryny şekillendiriş sungatyna höweslendirmek maksady bilen, Tagtabazar etrabyndaky 9-njy orta mekdepde etrabyň 4-8-nji synp okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu sergisi «Parahat dünýä» diýlip atlandyryldy. Gün-günden özgerýän obadyr şäherlerimizi, gözel tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy, mährem enelerimizi wasp edýän suratlar köpleriň ünsüni özüne çekdi. Serginiň ahyrynda ýeňijiler hökmünde 3-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy A.Toýlyýew, 22-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy K.Aşyrgeldiýew, 7-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy B.Agajumaýew ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Ogul­bol­dy ÖWEZ­BER­DI­ÝE­WA,

TMÝG-niň Tag­ta­ba­zar et­rap Ge­ňe­şi­niň bö­lüm mü­di­ri.

“Nesil” gazeti,

07.03.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.