Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan döwletli işleriniň özeninde ýaş nesilleriň bähbidi, ähli türkmenistanlylaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň: «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde beýik maksatlary goýýar.
Milli Liderimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan ugur alyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli golaýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna beletligini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny görkezmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2020» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şerti boýunça talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, sungata, döredijilige bolan ukybyny beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, monolog, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirip, ussatlygyny görkezdiler. Ikinji şert boýunça talyp gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça ýaryşdylar. Bäsleşigiň soňky şertinde olar milli lybaslarymyzyň döwrebaplaşdyrylan görnüşlerini görkezip, egin-eşik geýmekde milliligimiziň häzirki zaman öwüşginlerini, zamanabaplygyny ussatlyk bilen berjaý etdiler.
Bäsleşigiň baş baýragyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Arzuw Annaberdiýewa, 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Bossan Murzaýewa, 2-nji ýere S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Ataýewa hem-de 3-nji orunlara degişlilikde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Enegyz Annabaýewa we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Mähriban Bäşimowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Diplomlar we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gurbannazar ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
12.03.2020ý.