ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Tejen etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurady. «Milli mirasym — buýsanjym» diýlip atlandyrylan gezelenje etrapdaky 5-nji orta mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Muzeýiň hünärmenleri okuwçylara milli saz gurallarymyz, gap-gaçlarymyz, bezeg şaý-seplerimiz hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Gezelenjiň dowamynda milli däp-dessurlarymyz bilen bagly sowal-jogaplar alşyldy.

Guwançmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.

Aşgabat dokma toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň toplumyň beýleki ilkinji jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Watançylygyň beýik nusgasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Toplumyň mejlisler zalynda geçirilen çärä myhmanlar, toplumda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş ýaş nesiller üçin watançylygyň beýik nusgasydyr.

Gülnar SYTDYHOWA,

Aşgabat dokma toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Hojambaz etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran duşuşygyna etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda zyýanly endiklerden daşda durmak, pederlerimiziň sagdynlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Hudaýberdi DÖWLETOW,

TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bagtyýarlyk döwrümizde ata-babalarymyzyň mertlik-merdanalyk mekdebi bolup, ýaş nesilleriň kalbynda orun aldy. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uruş weteranlaryna aýratyn hormat-sarpa goýulýar. Şundan ugur alyp, Türkmengala etrap Ýaşlar guramasynyň etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda ýörite wekiller etrabyň Zähmet şäherçesinde ýaşaýan, 1926-njy ýylda doglan uruş weterany Ymam Hojaýewiň maşgala ojagyna baryp, Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly sowgatlary we ter gül çemenlerini gowşurdylar.

Babajan MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Türkmengala etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Serdap etrap Ýaşlar guramasynyň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň Janahyr şäherçesindäki Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Sagdyn ýaşlar Watanymyzyň geljegidir» ady bilen geçirilen duşuşyga etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän ahlak ýörelgeleri, milli sport oýunlarymyz, sportuň saglyga ýetirýän oňyn täsiri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Baýrambike SAPAROWA,

TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär, yzygiderli sport ýaryşlary, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdepde «Sagdyn bedende sagdyn ruh» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygydyr. Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran duşuşygyna halypa mugallymlar, mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sport bilen meşgullanmak saglygyň baş açarydyr, ruhubelentligiň çeşmesidir.

Gülaýym AŞYROWA,

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Köneürgenç şäher Ýaşlar guramasynyň şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guramagynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Şäher sport mekdebinde geçirilen ýaryşa şäheriň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglanlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Turuwbaşdan çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşyň netijeleri boýunça 1-nji orna şäherdäki 10-njy orta mekdebiň, 2-nji we 3-nji orunlara degişlilikde şäherdäki 9-njy hem-de 7-nji orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular.

Gözel KUŞMEKOWA,

TMÝG-niň Köneürgenç şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gzaeti,

09.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.