Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden halyçy gyz-gelinleriň, şeýle hem talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçen bu dabarada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” folklor toparynyň we talyp aýdymçy ýaşlary, özleriniň toý ruhundaky aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. Ýokary guramaçylykly geçen dabaranyň dowamynda öňdebaryjy halyçy gyz-gelinleriň köpsanlysyna Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet MEREDOW