ÜME GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen Owazy» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen gyz-gelinleriniň milli edim-gylymlarynyň biri bolan üme dessuryny ýerine ýetirmek boýunça teleýazgyly gepleşigi geçirildi.

Türkmen halysynyň milli muzeýiniň işgärleriniň, paýtagtymyzyň halyçy gyz-gelinleriniň, medeniýet işgärleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçen bu gepleşikde türkmen el işleriniň nesilden-nesle öwredilip gelnişi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler, şeýle-de milli mirasymyzy dikeltmekde uly işleri bitirýän Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet MEREDOW

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.