BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen Owazy» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Asyrlara ýaň salan sungat» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden halyçy gyz-gelinleriň, şeýle hem talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçen bu dabarada ýurdumyzyň tanymal estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalary özleriniň toý ruhundaky aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasy ruhubelentlikde geçip şatlyk-şowhuna beslendi.

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet MEREDOW

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.