Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen Owazy” teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda “Bagt ýoly” toý mekanynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçen bu dabarada ýurdumyzyň tanymal estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalary özleriniň şirin aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi, türkmen halkymyzy, okuwy tamamlaýan uçurymlary baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar.
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet MEREDOW