Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «El hünäri — il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, sünnälän, sungat derejesine ýetiren halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmak, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, olary hünärlere ugrukdyrmak, mekdep okuwçylarynyň döredijilige, sungata bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okaýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda mekdep okuwçylary tarapyndan hödürlenen türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam döredijilik işleri (zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk, milli işleri), çeken suratlary we fotosuratlary eminler tarapyndan seljerilip ýeňijiler kesgitlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat Keriýew gowşuryp, olara mundan beýläk hem medeniýet-sungat äleminde üstünlikleri arzuw etdi.
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet MEREDOW