SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGINE TAÝÝARLYK

Okuwçylara ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwretmek, olarda döwlet emlägine aýawly garamak, olary ýangyndan goramak babatda ululara kömek bermek, ýangynyň öňüni almak hem-de söndürmek boýunça, şeýle hem ýangyn hadysasynda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça endikleri terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk we galam bilen surat çekmek ugurlary boýunça «Abadan, asuda — Bitarap Watan!» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi yglan edildi.

 Häzirki wagtda bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda degişli şertler boýunça etrap, şäher tapgyrlary dowam edýär. Ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky we 2-nji çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary bäsleşige taýýarlyk görmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 109-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölümine baryp, bäsleşigiň düzgünnamasyndaky temalar esasynda surat çekdiler.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.