ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Sapaly tomus paslynyň gelmegi bilen çagalar üçin aýratyn täsirli we gyzykly döwür başlandy. Ynha, Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem körpeler wagtlaryny şadyýan geçirýärler, birek-birek bilen dostlaşýarlar, bedenlerini berkidýärler. Bu ýerde Büzmeýin etrap Ýaşlar guramasynyň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Sport — sagdynlyk we bagtyýar durmuşa binýat» ady bilen geçirilen sport ýaryşy hem ýatda galyjy boldy. Ýaryşa işjeň gatnaşanlar ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Mährijemal ATAÝEWA,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebinde «Sport — sagdyn ruhuň, berk bedeniň möhüm şerti» ady bilen sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Şäher Ýaşlar guramasynyň şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran ýaryşynda mekdebiň ýaş türgenleri özara bäsleşdiler. Turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenen ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýusup BABAKULOW,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Nesil sagdynlygy babatda alnyp barylýan işlerden ruhlanyp, Sarahs etrabyndaky 12-nji çagalar bagynda «Kim çalasyn?» ady bilen şadyýan bäsleşik geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bäsleşigine körpeler höwes we ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Uzak aralyga ylgamak, päsgelçiliklerden böküp geçmek, bir aýakda böküp bellenilen aralyga barmak ýaly hereketli oýunlarda tapawutlanan körpeler höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Arzygül MYRADOWA,

TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Taryha baýdyr Watanym» ady bilen «Merw» taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Baýramaly etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan gezelenje etrapdaky 8-nji orta mekdebiň «Aýlar» dynç alyş meýdançasyna gatnaýan körpeler gatnaşdylar. Ýörite hünärmenler körpeleri toplumyň çägindäki ýadygärlikler bilen tanyşdyrdylar, Soltan Sanjar, Hoja Ýusup Hemedany we beýleki şahsyýetler bilen baglanyşykly rowaýatlary gürrüň berdiler. Gyzykly geçen gezelenç çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Maksat KERIMOW,

TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, «Köneürgenç» taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Köneürgenç etrabyndaky 2-nji orta mekdebinde hereket edýän «Güneş» çagalar dynç alyş meýdançasyna gatnaýan körpeleriň bu gezelenji «Geçmişe buýsanç — geljege buýsanç» diýlip atlandyryldy. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran gezelenjiniň dowamynda Nejmeddin Kubranyň, Törebeg hanymyň ýadygärliklerine aýlanan körpeler hünärmenler bilen sowal-jogap alyşdylar.

Şamyrat MYRRYÝEW,

TMÝG-niň Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Hojambaz etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň «Gülälek» dynç alyş meýdançasyna gatnaýan körpeleriň arasynda «Kim çalasyn?» ady bilen şadyýan bäsleşik geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan bäsleşikde körpeler tanap çekmek, 60 metre ylgamak, bulgur bilen suw çekmek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda «Biz köçede» ady bilen köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek dogrusynda gyzykly gürrüňdeşlik boldy.

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Nesillerimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hut şonuň üçin-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususan-da, Ýaşlar guramalarynyň paýyna uly wezipeler düşýär. Şoňa görä, biziň Esenguly etrap Ýaşlar guramamyzyň agzybir işgärleri hem ýerlerde bolup, ýaşlarymyzyň, körpelerimiziň arasynda edep-terbiýe, sagdynlyk dogrusynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dürli aýdym-sazly, sport bäsleşiklerini yzygiderli guraýarlar. Çünki bu günki ýaşlar ertirki Watan eýeleridir.

Bagtyýar MATDYÝEW,

TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşiniň işgäri.

“Nesil” gazeti,

09.07.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.