Tomsuň häzirki gyzgalaňly günlerinde çagalarymyz sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Elbetde, yssy howada ýola çykan adam üçin bag kölegesiniň höziri bir başgadyr. Edil şolar ýaly ömrüň iň gözel çagy bolan çagalyk täsirleri hem ynsanyň bütin durmuşynda ajaýyp ýatlamalar bolup galýar. Hut şonuň üçin-de, Ýaşlar guramamyzyň agzybir işgärleri çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bolup, şadyýan bäsleşikleri, gyzykly çäreleri yzygiderli guraýarlar.
Serdar şäherinde ýerleşýän «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalyk», «Sagdyn nesil» atlary bilen geçirilen bäsleşikler örän täsirli boldy. «Bagtyýar çagalyk» bäsleşiginiň dowamynda merkezde dynç alýan çagalar asfaltyň ýüzünde surat çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Körpeler özleriniň çeken suratlarynda gözel tebigatymyzyň täsin pursatlaryny şekillendirdiler. Şeýle hem ýurdumyzda duş gelýän dürli ösümliklerdir haýwanlaryň suratlaryny çekdiler. Mundan başga-da, çagalar «Sagdyn nesil» bäsleşiginde tanap çekmek boýunça öz güýçlerini görkezdiler. Turuwbaşdan şowhuna beslenen bäsleşik aýratyn ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.
Netijede, bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan körpelere dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Kyýas GARAÝEW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
14.07.2020ý.